Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

BMG-niň ekspertleri Eýranda kämillik ýaşyna ýetmedik tussagyň jezalandyrylyp öldürilmegine “şok bolandyklaryny” aýtdylar


BMG-niň ekspertleri eýran resmileriniň ölüme höküm edilenleriň jezalaryny tizlendirmekleriniň mümkindigini duýdurdylar. (arhiw suraty)

BMG-niň hukuk ekspertleri Eýranda kämillik ýaşyna ýetmedik ýene bir tussagyň jezalandyrylyp öldürilmegine “şok bolandyklaryny” aýdyp, munuň halkara kanunçylygyna çapraz gelýändigini bellediler.

Adamy pyçaklap öldürmekde günäli tapylan Şaýan Saidpuryň hökümi çykarylan mahaly, ol 17 ýaşyndady. Saidpur 21-nji aprelde dardan asyldy. Bu barada BMG-niň ýörite reportýorlary Jawaid Rehman we Agnes Kallamard hasabat berdiler.

Olar Eýranda, ýakynda türmelerdäki bolan bidüzgünçilikler bilen baglylykda, ýene-de, şol sanda kämillik ýaşyna ýetmedik tussaglaryň hem jezalandyrylyp öldürilip bilinjekdigine alada bildirdiler.

Saidpur adam öldürmekde günäli tapylyp, 2018-njy ýylyň oktýabrynda ölüme höküm edilipdi.

Eýran koronawirusdan has köp ejir çeken döwletleriň biri bolup, ýurtda bu sebäpli 5 müň 300 töweregi adam öldi.

Pandemiýa jogap hökmünde, martda 100 müň töweregi tussag wagtlaýyn azatlyga goýberilipdi.

Koronawirusyň ýaýramagyna garşy martyň aýagynda geçirilen türmelerdäki bidüzgünçilikleriň dowamynda, Saidpur tussaglykdan gaçan onlarça bendiniň biridi. Ol 3-nji aprelde gaýtadan tussag edildi.

BMG-niň ekspertleri Eýran resmileriniň türmelerdäki bidüzgünçilikler bilen ilteşikli bolan tussaglary gynamalara, kazyýet daşyndaky öldürmelere sezewar edip biljekdiklerini, şeýle-de ölüme höküm edilenleriň jezalaryny tizlendirmekleriniň mümkindigini duýdurdylar.

XS
SM
MD
LG