Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BSG Belarusa koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin köpçülikleýin çärelerini ýatyrmaga çagyrýar


Minskiň metrosyndaky maskaly adamlar. 20-nji aprel
Minskiň metrosyndaky maskaly adamlar. 20-nji aprel

Bütindünýä Saglyk Guramasy (BSG) Belarus hökümetine ýüzlenip, ýurtdaky koronawirusyň ýaýramagyny gowşatmak maksady bilen, köpçülikleýin çärelerini ýatyrmaga, şeýle-de sosial aralyk boýunça çäreleri geçirmäge çagyrdy.

Bu rekommendasiýalar şu aýyň başynda Belarusyň pandemiýa garşy görýän tagallalaryny seljermäge gelen BSG-nyň ekspertleriniň topary tarapyndan 21-nji aprelde edildi.

Beýanatda koronawirus bilen bagly ýüze çykarylan ýagdaýlaryň “çalt depginler bilýän ösýändigi” bellenilýär.

Saglyk ministrliginiň 21-nji apreldäki maglumatyna görä, wirusa ýurtda 6 müň 723 adam ýolugypdyr we ol sebäpli 55 adam ölüpdir.

Wirusyň barha ýaýramagyna garamazdan, awtoritar prezident Aleksandr Lukaşenka COVID-19 bilen bagly dünýä boýunça edilýän aladalara parh bermän, muny “köpçülikleýin akylsyzlyk” diýip atlandyrdy, şeýle-de wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça berk çäreleriň gerek däldigini öňe sürdi.

Beýleki ýewropa döwletlerinde pandemiýanyň ýaýramagyny saklamak boýunça görülýän berk çärelerden tapawutlylykda, Belarusda fabrikalar, dükanlar we restoranlar adatdakysy ýaly işleýär. Sport oýunlaryna, şol sanda milli futbol liganyň duşuşyklaryna hem tomaşaçylaryň gelmegine rugsat berilýär.

XS
SM
MD
LG