Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan £1 milliona satyn alan britan çägesini çapuw ýodalaryna ýazyp, atlaryň arasynda gözellik bäsleşigini geçirýär


Illýustrasiýa suraty. Türkmenabatdaky atçylyk-sport toplumynyň çapuw ýodasy. Aprel, 2012-nji ýyl.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenabatdaky atçylyk-sport toplumynyň çapuw ýodasy. Aprel, 2012-nji ýyl.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda Beýik Britaniýadan £1 milliona satyn alnan çäge Lebap atçylyk-sport toplumynyň çapuw ýodalaryna ýazyldy.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly çeşmesi anonim şertde habar berýär. Resmi maglumata görä, bu toplumda 23-nji aprelde at çapyşygy, 25-nji aprelde atlaryň arasynda gözellik bäsleşigi geçiriler.

Aşagyna 1,3 million töweregi dollarlyk britan çägesi düşelen çapuw ýodalarynyň töwereginde şu günler köp adamly ýowarlaryň geçirilýändigini Azatlygyň çeşmesi habar berýär.

TDH-nyň habaryna görä, sişenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap atçylyk-sport toplumynda 23-nji aprelde geçiriljek at çapyşygynyň hem-de 25-nji aprelde geçiriljek “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak barada buýruga gol çekdi.

Dünýäde koronawirus global pandemiýasy sebäpli köpçülikleýin çäreleriň, şol sanda sport bäsleşikleriniň ýatyrylýan wagty türkmen häkimiýetleri Lebapda geçiriljek at ýaryşlaryna býujet işgärlerini mejbury gatnaşdyrýarlar.

Çeşmämiziň sözlerine görä, maşgala agzalary sud jogapkärçiligine çekilmedik býujet işgärleriniň “3 arkasy” barlanyp, olar dabaralara mejbury gatnaşmaga çagyrylýarlar.

12-nji martda Lebap welaýatyna eden saparynda prezident Berdimuhamedow welaýatyň atçylyk-sport toplumyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanşyp, toplumyň “çapuw ýodasyna politrek örtügini düşemegiň zerurdygyny, bu işleriň halkara ülňülere laýyk getirilmelidigini” belledi.

Bellemeli ýeri, fewral aýynda çöllük Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň “Andrew Bowen Limited” kompaniýasyndan çapuw ýodalary üçin bahasy £1 milliona barabar 10,000 müň tonna çäge we örtük serişdelerini satyn alandygy mälim boldy.

Kompaniýanyň ýolbaşçysy Saýmon Bowen 20-nji fewralda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda bu maglumaty tassyklady.

“Çäge çapuw ýodasynyň örtügini ýazmak üçin zerur bolan ençeme önümiň diňe biridir. Çapuw ýodalaryna çäge hem-de sintetiki süýümli örtük ýazylýar, soňra biz olary şekillendirmek we nemlendirmek üçin hem-de ýognatmak üçin gyzgyn mum goşýarys” diýip, Bowen Azatlyga gürrüň berdi.

Şonda britan çägesiniň Türkmenistanyň haýsy atçylyk-sport toplumyndaky çapyşyk ýodalaryna ýazyljakdygy aýdylmady. Berdimuhamedow döwlet başyna geçenden soň, Türkmenistanda ýurduň her welaýatynda täze atçylyk toplumlary bina edildi.

Türkmenistanda atlara milli gymmatlyk hökmünde garalýar. Berdimuhamedow bedewlere bolan çäksiz söýgüsi bilen tanalýar. Ýurtda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Bedew baýramçylygy mejbury çäreler bilen bellenip geçilýär.

Atlaryň ýyndamlyk we gözellik bäsleşikleriniň geçiriljek ýeri bolan Lebap atçylyk-sport toplumynda alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada 21-nji aprelde ýerli “Türkmen gündogary” gazeti hem habar berdi.

Neşiriň maglumatyna görä, toplumyň uzynlygy 1,800 metrlik çapuw ýodasyny döwrebap görnüşe getirmek işleri hususy “Berk ýol” hojalyk jemgyýetine ynanylypdyr.

Gurluşyk kompaniýasynyň bir wekiliniň ýerli neşire beren interwýusynda çapuw ýodasyna politrek örtügini düşemek işleriniň prezident Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýerine ýetirilendigi aýdylýar

“Türkmen gündogary” Lebapda durky täzelenen athanalar toplumyny “içinde adam ýaşabermeli athanalar” diýip taryplaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG