Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan kompaniýasy £1 mln-a Türkmenistanyň at çapyşyk ýodalaryna täze örtük ýazar


Illýustrasiýa suraty. Türkmen çapyksuwary at üstünde.

Türkmenistan at çapyşyk ýodalaryna täze örtük ýazdyrmak boýunça “Andrews Bowen Ltd” britan kompaniýasy bilen bahasy £1 mln funtlyk ylalaşyk baglaşdy. Bu barada “The Gazette” iňlis neşiri habar berýär.

Çapuw ýodalarynyň örtük üpjünçiligi boýunça taraplaryň arasyndaky gepleşikler 2019-njy ýylyň noýabrynda başlapdyr. Kompaniýanyň ýolbaşçylary Simon Bowen hem-de David Andrews iki hepde mundan ozal Stambulda türkmen hökümetiniň wekilleri bilen degişli ylalaşyga gol çekipdirler.

Oňa laýyklykda kompaniýa öňümizdäki aprele çenli Türkmenistana 1 tonnalyk gaplarda 10 müň halta çapuw ýodalarynyň örtükleri üçin zerur bolan ýörite serişdeleri ugratmaly.

Kärhananyň gündelik önümçilik kuwwaty häzirki wagtda 300-350 halta örtük serişdelerini öndürmäge ukyplydyr.

Iňlis neşiri bilen gürrüňdeşlikde kärhananyň ýolbaşçysy çapuw ýodalaryna örtük ýazmak işlerini aprel aýynda Türkmenistanda geçiriljek bir açylyş dabarasyna çenli tamamlamak boýunça ylalaşandyklaryny aýtdy, ýöne bu işlere zerur bolan wagtyň örän çäklidigini belledi.

Galyberse-de, kärhana ýolbaşçylary häzirki wagtda ýükleri ugratmak üçin zerur bolan portlaryň howa şertleri sebäpli ýapyk galmagyndan özleriniň alada galýandyklaryny aýdypdyr.

“Andrews Bowen Ltd” kompaniýasynyň wekilleri “The Gazette” bilen gürrüňdeşlikde öz önümleriniň ähli howa şertlerine çydamlydygyny gürrüň beripdirler, şol bir wagtda, türkmen çölüniň çägesiniň çapuw ýodalary üçin oňaýsyzdygyny aýdypdyr.

“Olarda çöl bolsa-da, onuň çägesi gowy däl. Çäge däneleri gaty tegelek, çapuw ýodalary üçin burçlak çäge däneleri gerek. Biziň örtüklerimiz myssyjak, örän amatly, ne gaty gaty ne-de gaty ýumşak, tüýs atlaryň saglygy üçin hem-de olaryň çapmagy üçin ajaýyp amatly” diýip, Bowen aýdypdyr.

Britan kompaniýasyna berlen şertnamanyň Türkmenistanda bäsleşik esasynda, öňünden yglan edilen tender esasynda berlendigi ýa-da däldigi türkmen ýa-da iňlis metbugatynda agzalmaýar.

Galyberse-de, örtükleriň Türkmenistanda ýazyljak atçylyk desgasy barada maglumat ýok.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmeniň ahalteke bedewlerine besleýän çäksiz söýgüsi bilen giňden tanalýar. Türkmenistanda bedewlere milli gymmatlyk hökmünde garalýar.

Her ýyl aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmenistanda bedew baýramçylygy bellenilýär. 2010-njy ýylda ýurtda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy döredildi.

Berdimuhamedow döwlet başyna geçenden soň, ýurduň her welaýatynda täze atçylyk toplumlary bina edildi. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Aba Annaýew obasynda 600 ata niýetlenen ýurduň iň uly atçylyk toplumy gurlup, atlar üçin ulanmaga berildi. Ol ýerde atlar üçin ýörite “Tiz kömek” saglyk merkezi, atlar suwa düşer ýaly ýörite howuzlar, olar üçin ýörite ýelejirediji ulgam oturdyldy. Toplumyň çägine girýän awtoulaglar sanitariýa arassaçylygyndan geçirilýär.

Türkmenistanda atlaryň hukuklary we mümkinçilikleri kanunçylyk bilen hem berkidilýär, atlar üçin ýörite pasport çykarylýar, olar ölen ýagdaýynda döwletiň görkezmesi bilen bellenen at gonamçylygynda jaýlanýar, ýazgydaky atlar ölende olary soňky ýoluna ugratmak çäresine bellenen döwlet emeldarynyň gatnaşmagy kanunçylyk esasynda talap edilýär.

Prezident Berdimuhamedow işden boş wagtlarynda kä ýeke, käte agtygy Kerim ýa-da ogly Serdar bilen atly gezelenç edip, telewizora düşýär, türkmen bedewleri barada kitap ýazýar.

Türkmen prezidentiniň atlara bolan söýgüsi barada, ýatlasak, geçen iýulda Birleşen Ştatlaryň HBO telekanalynda efire gidýän “The Last Week Tonight” gepleşiginde giňişleýin gürrüň edilipdi.

Maglumat üçin aýdylsa, at ýodalarynyň täzelenjek örtüginiň bahasy $1.3 mln töweregi bolup, bu dollaryň resmi kursundan 4 mln 550 müň manada, gara bazaryň bahasyndan takmynan 25 million täze türkmen manadyna deň bolýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG