Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan her koronawirus näsagy üçin 3 müňden gowrak dollar harçlaýandygyny aýdýar


Özbegistanyň saglygy saklaýyş ministri Alişer Şadmanow

Özbegistanyň hökümeti koronawirus ýokuşan we respublikada bejerişden geçen her näsag üçin 32 million som (3 müň dollardan gowrak) serişde harçlaýar.

Agyr ýagdaýdaky we aýratyn bejeriş astyna alnan näsaglaryň bolsa, her biri üçin ortaça 64 million som (6,3 müň dollar) harçlanýar.

Bu maglumat 23-nji aprelde, Halkara metbugat klubynyň mejlisinde, Özbegistanyň saglygy saklaýyş ministri Alişer Şadmanow tarapyndan yglan edildi.

Saglyk ministrliginiň ýolbaşçysynyň sözlerine görä, 14 günlük karantinde ýerleşýän her bir raýata 2,4 million som ($237), koronawirusdan saplanyp, gurplanyş prosesini geçýän her raýata 2,8 million som ($276) harçlanýar.

Ministr koronawirus näsaglaryny bejermek üçin 16 müň krowatyň taýýarlanandygyny we 20 müň näsag üçin derman ätiýaçlygynyň döredilendigini aýtdy.

Resmi maglumatlara görä, Özbegistanda 1758 koronawirus ýokaşmasy hasaba alyndy, 561 adam sagaldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG