Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň döwlet dükanyna her gün 125 adama ýeter ýaly azyk gelýär


Aşgabadyň döwlet dükanlarynyň birinde nobata durup, şeker satyn alýan ýaşaýjylar. Arhiwden alnan surat

Türkmenistanda dowam edýän azyk gytçylygynyň fonunda, Aşgabadyň döwlet dükanynyň resmileri her gün satuwa çykarylýan azyk önümleriniň käbiriniň möçberini mälim etdiler.

Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän aşgabatly habarçysynyň tassyklamagyna görä, Bagtyýarlyk etrabynda ýerleşýän 8-nji dükanyň işgärleri etrabyň azyk üpjünçiligi birleşiginden her gün 1 litr plastik gapdaky ösümlik ýagynyň 125 sanysynyň, 125 kilogram şekeriň we 250 sany towuk budunyň gelip gowuşýandygyny aýtdy.

"Şu gün irden işgärler dükanyň daşyna çykyp, nobata duran ýüzlerçe adama ýüzlendi. Olar ilata diňe 125 adama ýeter ýaly azyk önümleriniň bardygyny aýdyp, galan adamlara "nobatda garaşmaň" diýdiler. Sebäbi olar her gün 125 adama ýeter ýaly azygyň iberilýändigini aýtdylar. Olar ýagşyň aşagynda nobata duran her adama 1 plastik gapda ýag, 1 kilogram şeker we 2 sany towuk buduny satdylar" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 27-nji aprelde gürrüň berdi.

Aýdylmagyna görä, sagat 09:40-da ösümlik ýagy, 09:45-de towuk budy we sagat 10:00 töwereginde-de şeker satylyp gutardy. Ýöne bu önümler nobata duran adamlaryň ählisine ýetmedi.

Habarçynyň sözüne görä, munuň birden köp sebäbi bar. Birinjiden, 8-nji dükana degişli etrapçada 150-ä golaý maşgala ýaşaýar. Ikinjiden, Aşgabadyň golaýyndaky etrapdyr obalardaky döwlet dükanlarynda bu azyk önümleri tas satylmaýar. Şol sebäpli şähere golaý obalaryň ýaşaýjylary hem azyk harytlaryny satyn almak üçin paýtagtyň dükanlaryna gelýärler.

"Bu bolsa öň hem az mukdarda satuwa çykarylýan azyk önümleriniň nobatdaky ähli adama ýetmezligine sebäp bolýar. Şol sebäpden dükanlaryň öňünde dawa-jenjeller ýygy-ýygydan döräp durýar" diýip, habarçy belledi.

Munuň bilen bir wagtda, nobata duran adamlaryň käbiri Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde polisiýa we dükan işgärleriniň ençemesiniň dükana gelen harytlaryň belli bir bölegini, ençeme guty ýagy, şekeri we towuk buduny ulaglara ýükläp, ir bilen alyp gidenini görendiklerini gürrüň berdiler.

Türkmenistanda indi üç ýyl çemesi wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, ýurduň döwlet dükanlarynda azyk gytçylygy dowam edýär. Munuň bilen bir wagtda, azyk harytlarynyň hususyýetçilerdäki bahalary hem yzygiderli gymmatlaýar.

Häzirki wagt döwlet dükanynda 1 litr ösümlik ýagy 13 manatdan, towuk budunyň 1 kilogramy 10 manatdan we şekeriň 1 kilogramy 7 manatdan satylýar. Bu önümler hususy dükanlarda degişlilikde 35 manatdan, 25 manatdan we 9 manatdan bahalanýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary koronawirus global pandemiýasynyň fonunda, ýurtdaky azyk ýetmezçiliginiň has-da ýitileşendigini habar berýärler.

Geçen hepdäniň ahyrynda Azatlygyň Lebapdaky habarçylarynyň biri Köýtendag etrabynyň ençeme obasynda adamlaryň çörek we un tapman, degirmende mekgejöweni ýaryp, un edip iýýändigini gürrüň berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG