Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ýarym resmi habar agentliginiň baş redaktoryny we sosial media dolandyryjysyny tussag etdi


Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Hameneýi
Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Hameneýi

Geçen hepde Eýranyň ýarym resmi ILNA habar agentliginiň baş redaktory we sosial media dolandyryjysy ýurduň häkimiýetini kemsidýändigi aýdylýan karikatura sebäpli tussag edildi.

Eýranyň iň ýokary ýolbaşçysyny masgaralaýan ýaly bolup görünýän karikaturanyň ILNA-nyň Telegram kanalyna ýerleşdirilenden gysga wagt soň aýrylandygy habar berildi.

ILNA-nyň baş redaktory Masoud Heýdari girew goýmak esasynda tussaglykdan boşadyldy, ýöne habar agentliginiň Telegram kanalynyň dolandyryjysy Hamid Haghjoo tussaglykda saklanýar.

Olaryň ikisine aýyplama bildirilendigi ýa-da bildirilmändigi häzirlikçe nämälim bolmagynda galýar.

27-nji aprelde Tähranyň prokurory Ali Alhgasi Mehr bu mesele bilen bagly derňew işiniň başladylandygyny aýtdy.

“Kemsidiji surat çap edilen dessine ony kanaldan aýyrmak buýruldy” diýip, Eýranyň metbugat serişdesi Alghasi Mehriň sözlerini sitirledi.

ILNA garşydaşlaryny habar gullugynyň logotipini, nyşanyny galplaşdyrmakda we karikaturany çap etmekde aýyplap, özüniň "hormatsyzlyk" karikaturasy bilen hiç bir ilteşiginiň ýokdugyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG