Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda janyndan geçeniň hüjüminde üç adam öldi, 15-si ýaralandy


Owganystanyň kartasy

Owganystanyň paýtagtyna golaý Kabul welaýatynda janyndan geçeniň özüni partlatmagy netijesinde üç adam öldi, başga-da 15-si ýaralandy. Bu barada Içeri işler ministrligi maglumat berýär.

“Çarşenbe güni irden janyndan geçen hüjümçi Kabulyň Çar Asiýab etrabynyň Reşkor sebitinde parahat adamlaryň arasynda özüni partlatdy” diýip, ministrligiň metbugat wekili Tarik Ariýan beýanat bilen çykyş etdi.

Çabar Asiýab etraby Kabuldan 11 kilometr uzaklykda ýerleşýär.

Maglumata görä, hüjüm owgan howpsuzlyk güýçlerine degişli desganyň golaýynda amala aşyrylypdyr.

Yslamda mukkades hasaplanýan Remezan aýynda amala aşyrylan hüjümiň arkasynda kimiň durandygy bada-bat belli bolmady.

“Talybanyň” metbugat wekili Zabihullah Mujahid toparyň hüjümi öz söweşijileriniň gurnap-gurnamandygy boýunça derňew geçirýändigini aýtdy.

Bu hüjüm koronawirus pandemiýasynyň, şeýle-de “Talyban” jeňçileri bilen owgan hökümetiniň arasyndaky parahatçylyk gepleşiklerini ýola goýmak boýunça ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky alnyp barylýan tagallalaryň arasynda ýurtda ok atyşyklary bes etmek we gazaplylygy azaltmak boýunça edilýän çagyryşlaryň fonunda bolup geçdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG