Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amnesty: Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa hökümetleri koronawirusa “repressiw” çäreler bilen gaýtawul berýär


Adalat köşgüniň öňündäki Azatlyk skwerinde hatara duran polisiýa işgärleri. Wladikawkaz, Orsýet. 20-nji aprel, 2020-nji ýyl.

Gündogar Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň köp hökümeti koronawirus pandemiýasyna adam hukuklaryny “aýak astyna almak üçin erkin ýol” hökmünde garaýar diýip, Amnesty International aýdýar we wirusyň öňüni almak üçin görülýän islendik çäräniň “wagtlaýyn, deň ölçegli hem-de adam hukuklarynyň ülňelerine laýyk gelmelidigini” nygtaýar.

“Sebitde COVID-19 pandemiýasy ýaýraýan wagty, köp hökümet il saglygyny goramakdan beter dürli pikirleri basyp ýatyrmak bilen has içgin gyzyklanýan ýaly bolup görünýär” diýip, 29-njy aprelde Halkara günä geçiş guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça gözlegçisi Heser MakGil (Heather McGill) aýtdy.

Gurama Azerbaýjanda, Russiýada we sebitiň beýleki ýurtlarynda häkimiýetleriň tankydy garaýyşlary dymdyrmak üçin repressiw çärelere “yzygiderli” ýüz tutýandyklaryny we olaryň epidemiýa esasy adam hukuklaryny äsgermezlik bilen gaýtawul berendiklerini aýtdy.

XS
SM
MD
LG