Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda 15 adama COVID-19 ýokaşdy


Hojand. Köçede dezinfeksiýa geçirilýär.
Hojand. Köçede dezinfeksiýa geçirilýär.

Täjigistanda koronawirus ýokaşmasynyň 15 hadysasy ýüze çykaryldy. Bu barada 30-njy aprelde, ýurtda koronawirus pandemiýasynyň öňüni almak boýunça döredilen respublikan edaranyň nobatdan daşary mejlisinde habar berildi.

Täjigistanyň Saglygy saklaýyş we durmuş goragy ministrligi 29-njy aprelde koronowirus bilen kesellän adamlaryň 15 sanysynyň hasaba alnandygyny aýtdy. Näsaglaryň 10-sy Sogdi oblastynda, 5-si Duşenbede hasaba alyndy.

Emma bu adamlara wirusyň nirede we haçan ýokaşandygy anyklaşdyrylmaýar.

Täjigistan Merkezi Aziýada koronawirus näsaglarynyň resmi taýdan hasaba alynmadyk iki ýurdunyň biri bolup durýardy.

Türkmenistan häzir sebitde, resmi maglumata görä, koranawirusdan halas ýeke-täk ýurt bolup galýar.

XS
SM
MD
LG