Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Alişer Usmanow Özbegistanda we Gazagystanda suwdan ejir çekenlere $15 mln eçildi


Alişer Usmanow

Özbek asylly rus milliarderi Alişer Usmanow Sardoba bendiniň böwsülmegi netijesinde gelen silden ejir çekenlere 15 million dollardan gowrak möçberde kömek berdi.

Ýerli medianyň maglumatlaryna görä, 10 million dollar serişde özbegistanlylara, 5,202 müň ABŞ dollaryndaky serişde bolsa gazagystanlylara bölünip berler.

Mälim bolşy ýaly, Özbegistandaky suw howdanynda bolan hadysadan soň, Gazagystanyň Türkistan sebitiniň Maktaaral etrabynyň ýaşaýjylarynyň oturan ýerlerini hem suw basdy.

Sardoba suw howdanynda bolan hadysadan Maktaaral etrabynda 5202 maşgala ejir çekdi, Usmanow her maşgala müň dollar möçberinde kömek berdi diýip, habarda aýdylýar.

Alişer Usmanow aprel aýynda Özbegistanyň “Merhemet we saglyk” atly jemgyýetçilik gaznasyna koronawirusa garşy göreşmek üçin 20 million dollar peşgeş berdi.

Ozal habar berilmegine görä, Sardoba suw howdanynda bolan zaýaçylygyň netijelerini aradan aýyrmak üçin Syrderýa oblastynyň ýerli býujetine 10 million dollara golaý serişde goýberildi.

Zyýan çeken etraplarda sil netijesinde jaýyny ýitiren adamlara prezidentiň karary esasynda guruljak 50 sany köp gatly jaýdan mugt jaý berler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG