Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda splitleri sökýän tehnikanyň aşak gaçmagy netijesinde bir işgär ýaralandy


Illýustrasiýa suraty

Aşgabadyň köp gatly jaýynda split sistemalary başga ýere geçirmek işleri alnyp barylýan mahaly, ýörite tehnikanyň ýokary göteriji kranynyň aşak gaçmagy netijesinde bir işgär ýaralandy we jaýlaryň penjirelerine zyýan ýetdi.

Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän paýtagtdaky habarçylarynyň biri wakanyň 7-nji maýda Parahat 3/1 etrapçasyndaky 8-nji köp gatly ýaşaýyş jaýynyň Ýunus Emre köçesi tarapynda bolandygyny aýtdy.

"18-nji Öý dolandyryş edarasynyň işgärleri we "Ruskomtrans" tehnikasy 8-nji jaýyň 6-njy gatyndaky splitleri başga ýere geçirmäge geldiler. Sagat 12 töwereginde "Ruskomtrans" tehnikasy işe girişdi. Ýöne onuň krany 6-njy gata ýetende, kran içindäki ýaş işçi bilen bilelikde aşak gaçyp başlady" dýip, habarçy 11-nji maýda gürrüň berdi.

Habarçy kran aşak gaçanda işçiniň "Eje, eje" diýip gygyryşynyň we döwülýän penjireleriň şaňňyrdap ses edişiniň eşidilendigini aýtdy.

"Kran aşak gaçanda, aşaky gatdaky jaýlaryň penjirelerini ýeke-ýeke döwdi. Kran ikinji gatyň töweregine ýetende, işçi uçup diýen ýaly bu gatdaky jaýyň penjiresinden içeri girdi. Ençeme ýerinden ýaralanan we üsti-başy gan bolan işçi "Meni kowmaň" diýip, agyrysyna çydaman gygyryp başlady" diýip, waka şaýat bolan habarçy belledi.

Onuň sözüne görä, jaýdaky ýaşaýjylaryň köpüsi kranyň diwarlara we penjirelere eden urgysyny ýer titreme öýdüp, wakanyň bolan pursadyndan bir salym geçmänkä köçä çykdy.

Aýdylmagyna görä, wakada ejir çeken işçi üçin tiz kömek ulagy dessine gelmedi. Ýöne polisiýa ulaglary wakanyň bolan ýerine bada-bat baryp, olar waka şaýat bolan, daş-töwerekde seredip duran adamlary dessine dargatdylar.

Habarçynyň we waka şaýat bolan adamlaryň birnäçesiniň aýtmagyna görä, jaý eýesi split sistemasynyň ýerini çalyşmaga mejbur edilen bolsa-da, Öý dolandyryş edarasynyň işgärleri wakada ony aýypladylar.

"6-njy gatdaky jaý eýesi wakanyň bolan wagty işindedi. Oňa prokuratura bilen haýbat atylandan soň, ol split sistemasynyň ýerini çalyşmaga razylyk bermeli boldy. Öý dolandyryş edarasynyň işgärleri krany onuň çagyrandygyny aýdyp, jaý eýesini günäkärlediler. Netijede jaý eýesine düşündiriş ýazdyrdylar. Onuň munuň bilen näme baglanyşygynyň bardygyna hiç kim düşünmeýär. Ýöne sürüjiniň ulagyň awtomatlaşdyrylan enjamyna gözegçilik edip blmändigini aýdýan adamlar hem bar" diýip, habarçy belledi.

Azatlyk Radiosy bu waka barada Aşgabat şäher häkimliginden, polisiýasyndan we 18-nji Öý dolandyryş edarasyndan kommentariý alyp bilmedi. Bu barada adatça bolşy ýaly Türkmenistanyň media serişdelerinde hem hiç zat aýdylmaýar. Azatlyk Radiosy wakada ýaralanan işçiniň häzirki saglyk ýagdaýyny hem anyklaşdyryp bilmedi.

Türkmenistanda "jaýlaryň görküni owadanlaşdyrmak" çäreleriň çäginde köp gatly jaýlardaky ýyladyjy-sowadyjy split sistemalary söküp aýyrmak işleri soňky birnäçe ýylyň dowamynda tapgyrlaýyn esasda amala aşyryldy.

Şu ýylyň başyndan bolsa, paýtagtda split sistemalary söküp, diwaryň başga bölegine geçirmek işleri güýçlendirildi. Azatlygyň habarçysynyň sözüne görä, häkimiýetleriň soňky çärelerinde split sistemalarynyň daşarky we içerki enjamlaryny birleşdirýän şlanglar diwarlarda görünmez ýaly täzeden tertipleşdirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG