Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda jaýlardaky split sistemalary aýryp, başga ýere geçirmegiň nobatdaky tapgyry başlandy


Aşgabat şäheriniň Oguzhan köçesinde ýerleşýän ýaşaýyş jaýlaryň biri. 20-nji ýanwar, 2020 ý.
Aşgabat şäheriniň Oguzhan köçesinde ýerleşýän ýaşaýyş jaýlaryň biri. 20-nji ýanwar, 2020 ý.

Aşgabadyň häkimiýetleri paýtagtyň köp gatly ýaşaýyş jaýlaryndaky ýyladyjy-sowadyjy split sistemalary aýryp, başga ýere geçirmegiň nobatdaky tapgyryna başladylar.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň aýtmagyna görä, bu işler 19-20-nji ýanwarda Oguzhan köçesinde ýerleşýän ýaşaýyş jaýlaryň arka tarapyndaky balkonlarda amala aşyrylýar.

“Jaýlaryň görküni owadanlaşdyrmak üçin diýip, penjirelerdäki split sistemalary söküp, olary balkonlaryň gapdal diwarlaryna oturdýarlar. Bu işiň amal edilmegine ýolbaşçylyk edýän türkmen resmileri ‘munuň jaýyň görküni has owadanlaşdyrjakdygyny, split sistemalaryň turbalarynyň we şlanglarynyň görünmejekdigini aýdýarlar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 20-nji ýanwarda gürrüň berdi.

Aýdylmagyna görä, bu işi öý dolandyryş edaralarynyň işgärleri ýörite tehnikany ulanmak arkaly amala aşyrýarlar.

Ýaşaýjylardan split sistemalaryň ýerini çalyşmak üçin razylyk alynmaýar. Ýöne olar bu iş üçin sarp edilen maddy çykdajylary tölemäge mejbur bolýarlar.

“Ýaşaýjylar munuň üçin 120-150 manat aralygynda töleg tölemeli bolýarlar. Şol bir wagtda-da, olara indi split sistemalar hatardan çyksa, onda ussadan başga-da, ýörite tehnikany hem çagyrmaly boljakdyklary duýdurylýar. Sebäbi öň ussalar split sistemalary balkonyň penjiresinden bejerýärdiler. Indi bu mümkinçilik ýok” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözüne görä, ýaşaýjylaryň ençemesi bu ýagdaýyň özleri üçin döretjek oňaýsyzlyklaryny düşündirmäge synanyşanda, öý dolandyryş edarasynyň ýolbaşçysy “özüniň diňe buýrugy ýerine ýetirýändigini” aýdyp, sözüni şeýle dowam etdiripdir:

“Ýaşaýjylar özlerine nähili bagtyň ýetendigine düşünmeýärler. Olaryň jaýy “abatlamak konsepsiýasyna” goşuldy. Şäheriň her bir etrapçasyndan 10 sany köp gatly ýaşaýyş jaýy saýlandy we olaryň daşky görnüşi abatlanar: Ilki split sistemalar owadan edilip goýlar, soňra jaýlaryň daşy reňklener, ýyladyş ulgamyna we beýlekilere degişli turbalar çalşylar, täze gapylar we penjireler goýular. Ýylyň soňuna, ýagny 12-nji dekabrda Aşgabada köp sanly prezidentler gelerler we siziň jaýyňyzyň nähili owadan bolandygyny görerler” diýip, türkmen resmisi aýdýar we kinaýaly gülüp, ulagyna münüp gidýär.

Şol bir wagtyň özünde, paýtagtlylar türkmen häkimiýetleriniň köplenç beren wadasynda tapylmaýandygyny, galyberse-de, bu işleriň aglaba öz hasaplaryna amal edilýändigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy ýokarda aýdylanlar barada Aşgabadyň şäher häkimliginden we beýleki degişli edaralaryndan kommentariý alyp bilmedi.

Aşgabadyň ýaşaýjylary split sistemalary gyşda jaýlary ýylatmak we tomusda sowatmak üçin ulanýarlar.

Aşgabadyň häkimiýetleri “şäheri abadanlaşdyrmak” çäreleriniň çäginde split sistemalary aýyrmak ýa-da jaýyň başga diwaryna geçirmek işlerini indi ençeme ýyl bäri wagtal-wagtal amal edip gelýärler. Bu işler baýramçylyklaryň öňýany hasam güýçlenýär.

12-nji dekabrda Azatlygyň paýtagtdaky habarçylarynyň biri Oguzhan köçesinde ýerleşýän ýaşaýyş jaýlardaky penjireleriň öňünde duran enjamlaryň goparylyp, balkonlara geçirilýändigini habar berdi.

27-nji sentýabrda bolsa, Aşgabat şäher häkimliginiň işgärleriniň köp gatly jaýlaryň girelgelerinde oturdylan split sistemalary köpçülikleýin aýryp başlandygy mälim bolupdy. Şonda Azatlygyň habarçysy ýaşaýjylaryň indi ikinji gezek oturdylan ýerinden sökülen split sistemalary nirede goýjaklaryny bilmän, aljyraňňy ýagdaýdadygyny gürrüň beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

XS
SM
MD
LG