Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak aktiwistleri hökümetiň COVID-19 çykdajylaryny äşgär etmegine çagyrýarlar


Gazagystanda wirusa 5 müň 279 adam ýolugdy we ondan 32 adam öldi.

Gazagystanda hökümete degişli bolmadyk guramalaryň 20 töweregine wekilçilik edýän onlarça aktiwist hökümetiň koronawirus pandemiýasynyň öňüni almak boýunça çykarylan milliardlarça dollary nähili sarp edendigi barada jikme-jik maglumat bermegini talap etdi.

12-nji maýda kabul edilen ýüzlenmede aktiwistler prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň Gazagystanda koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak tagallalarynyň çäklerinde 13 milliard dollaryň harçlanandygy baradaky geçen hepde eden çykyşyna salgylandylar.

Aktiwistler munuň bilen baglylykda görlen “ähli çäreler we maliýe çykdajylary boýunça açyklyga we jogapkärçilige”çagyrdylar.

Gazagystanda Merkezi Aziýa sebiti boýunça koronawirus bilen kesellänleriň iň köp sany hasaba alyndy. Gazagystanda wirusa 5 müň 279 adam ýolugdy we ondan 32 adam öldi.

Täjigistanda Goranmak ministrligi ähli harby berkitmelerde karantin yglan etdi we esgerleriň ýakynlarynyň gelmegine wagtlaýyn gadagançylyk girizdi.

30-njy aprele çenli Täjigistanda wirus bilen bagly ýeke ýagdaý hem hasaba alynmandy. 11-nji maýdaky maglumatlara görä, täjik saglyk resmileri koronawirusa ýolugan 661 ýagdaýy, şol sanda 21 adam ölümini hasaba alypdyrlar. Täjigistanda köpler häkimiýetleriň asyl görkezijileriň gerimini peseldip görkezýändiklerini belleýärler.

Türkmenistan sebitde koronawirus bilen bagly ýeke ýagdaýy hem resmi derejede hasaba almadyk ýeke-täk döwlet bolmagyna galýar. Synçylar, ýurtdaky açyklygyň we media azatlygynyň pes ýagdaýyna ünsi çekip, türkmen häkimiýetleriniň bu öňe sürmelerine şübheli garaýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG