Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owgan güýçlerine “Talybana” garşy hüjüme geçmäge görkezme berildi


12-nji maýda ýaragly jeňçiler Kabuldaky çaga dogrulýan keselhana hüjüm edip, 16 adamy, şol sanda ýaňy dünýä inen iki bäbegi öldürdiler.

Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani, 12-nji maýdaky gazaplylyklarda azyndan 40 adamyň öldürilmeginden soň, ýurduň howpsuzlyk güýçlerine “Talybana” we beýleki jeňçi toparlaryna garşy hüjüme geçmäge görkezme berdi.

Gani telewideniýede eden çykyşynda mundan bir gün öňki we “ýurtdaky beýleki hüjümlere” “Talybanyň” we “Yslam döwleti” toparynyň jeňçileriniň jogapkärdigini aýtdy.

Ol “owgan howpsuzlyk güýçlerine goranmagyň deregine hüjüme geçmäge, şeýle-de duşmanlara garşy harby operasiýalary başlatmaga” görkezme berendigini aýtdy.

“Talyban” hüjümlere ilteşiginiň ýokdugyny aýdyp, Ganiniň beýanatyna jogap hökmünde, islendik hüjüme “doly taýýardygyny” aýtdy.

12-nji maýdaky birinji hüjümde ýaragly jeňçiler Kabuldaky çaga dogrulýan keselhana hüjüm edip, 16 adamy, şol sanda ýaňy dünýä inen iki bäbegi öldürdiler. Günüň ahyrynda Nangarhar welaýatynda janyndan geçen hüjümçi polisiýanyň kommandiriniň jynazasy mahaly özüni partlatdy. Hüjümde azyndan 24 adam öldi, başga-da 68-si ýaralandy.

Jynaza edilen hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” ekstremistiki topary öz üstüne aldy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo) owgan hökümetini we “Talybany”, hüjümiň jogapkärlerini adalata çekmek üçin, bilelikde hereket etmäge çagyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG