Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gyrgyz mekdeplerinde geçiş synaglary ýatyryldy, döwlet synaglarynyň keşbi üýtgedildi


Gyrgyzystanda 2019-2020-nji okuw ýylynda 9-njy klasy 103 müň 670, 11-nji klasy 58 730 okuwçy gutardy.

Koronawirus ýokaşmalarynyň ýaýramagy we okuwçylaryň uzak aralykdan okadylmagy bilen baglylykda bu ýyl geçiş synaglary ýatyryldy diýip, Gyrgyzystanyň bilim we ylym ministriniň orunbasary Nadira Žusupbekowa 15-nji maýda aýtdy.

“Geçiş synaglaryndan hemmeler geçip bilmedi we uzak aralyk okuw şertlerinde okuwçylar umumy netijelere, gözegçilik işleriniň netijelerine we goşmaça işleriň netijelerine görä bir klasdan beýlekisine geçirilip bilner. Mekdebi tamamlaýanlaryň döwlet synaglaryna hem üýtgetmeler girizildi. Bu şeýle bolar: her mekdebiň direktory sapaklar boýunça komissiýa döreder, klas ýolbaşçylary her bir okuwçynyň çärýek, alty aý, bir ýyllyk klas, gözegçilik, laboratoriýa, amaly iş, ýaryşlara, taslamalara gatnaşmak ýaly umumy üstünlikleri we beýlekiler barada maglumat berer. Şu maglumatlara esaslanyp, gutardyş şahadatnamalarynda baha goýlar” diýip, ministriň orunbasary düşündirdi.

Onuň sözlerine görä, okuwçylar bahadan nägile bolan halatynda, şikaýat etmäge hakly.

Gyrgyzystanda 2019-2020-nji okuw ýylynda 9-njy klasy 103 müň 670, 11-nji klasy 58 730 okuwçy gutardy.

15-nji maýda Gyrgyzystanda jemi 1111 wirus ýokaşmasy tassyklandy, gutulanlaryň sany 745, 14 adam koronawirusdan ýogaldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG