Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Türkmenhowaýollary” halkara uçar gatnawlarynyň dikeldilmegini ýene bir aý yza süýşürdi


“Türkmenhowaýollarynyň” Orsýetdäki wekilhanasy, koronawirus pandemiýasy sebäpli, halkara gatnawlarynyň togtadylmagynyň 20-nji iýuna çenli uzaldylýandygyny habar berdi diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” uçar kompaniýasynyň websaýtyna salgylanyp habar berýär.

Mundan öň uçar gatnawlarynyň 20-nji maýda dikeldilmegine garaşylypdy.

Ýatyrylan uçuşlaryň ýolagçylary tölenen puluň yzyna gaýtarylmagy üçin arza berip ýa-da uçuşlaryň täzeden başlamagyna garaşyp biler diýip, uçar kompaniýanyň web sahypasynda aýdylýar.

Ozal habar berlişi ýaly, tölenen pullaryň yzyna gaýtarylmagy "Türkmenhowaýollary" halkara uçar gatnawlaryny gaýtadan amala aşyryp başlandan soň başlanar.

Şu aralykda, “Turkmen.news” neşiriniň ýazmagyna görä, Türkiýäniň uçar kompaniýasy 28-nji maýda Aşgabat şäherine uçjak ýolagçylara bilet satyp başlar.

Emma TH, täzelenen maglumata salgylanyp, “Türkhowaýollarynyň” Aşgabat şäherine amala aşyrýan uçuşlarynyň gaýtadan 21-nji iýunynda başlanjakdygyny habar berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG