Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow walýuta amallaryna gaýtadan seretmegi tabşyrdy. Balkanda we Lebapda dollaryň nyrhy 23 manatdan aşdy


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň Merkezi bankynyň başlygyna, "wagtlaýyn çäre hökmünde", walýuta amallarynyň hereket edýän tertibine gaýtadan seretmek mümkinçiligini öwrenmegi tabşyryp, bu işleri guramak üçin üç gün wagt berdi.

Munuň yzýany, Balkan we Lebap welaýatlarynda dollaryň "gara bazardaky" bahasy gymmatlap, 1 amerikan dollarynyň nyrhy 23 manatdan hem aşdy.

15-nji maýda Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirip, Merkezi bankyň başlygy Merdan Annaduryýewiň hasabatyny diňledi.

"Wagtlaýyn çäre hökmünde walýuta amallarynyň hereket edýän tertibine gaýtadan seretmek mümkinçiligini öwrenmeli hem-de hökümetiň bu ugra degişli kararynyň taslamasyny taýýarlamaly" diýip, TDH döwlet baştutanyň wise-premýere aýdan sözlerini sitirledi.

Aýdylmagyna görä, prezident häzirki wagtda önümleri eksport edýän kärhanalardan we guramalardan, şeýle hem hususy firmalardan gelip gowuşýan walýuta serişdeleriniň 50 göterimini däl-de, dolulygyna döwletiň ätiýaçlyk goruna geçirmelidigini hem belledi.

"Walýutada alnan bu serişdeleriň öwezini bolsa milli pul birliginde dolmaly" dýip, türkmen lideri belledi.

Prezidentiň Merkezi bankyň başlygyna beren bu tabşyrygynyň yzýany, ýurduň käbir sebitlerinde dollaryň "gara bazardaky" bahasy öňküsinden-de gymmatlap, 1 amerikan dollary 23 manat 50 teňňä çenli ýokarlandy.

"Balkanyň Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerinde, Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde walýutanyň gara bazardaky nyrhy ýene gymmatlady. 17-nji maýdan başlap 1 amerikan dollary 23 manat bilen 23 manat 50 teňňe aralygynda satyn alynýar. 15-nji maýda 1 amerikan dollary 21 manatdan, 16-njy maýda 22 manatdan bahalanýardy" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 18-nji maýda gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, ol "gara bazar" söwdagärleriniň dollary satyn alýandygyny, ýöne ony satmakdan saklanýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

"Adamlar dollaryň bahasynyň 30 manatdan hem geçjekdigini çaklaýarlar" diýip, habarçy belledi.

Marydaky we Aşgabatdaky habarçylarymyz bolsa, 18-nji maýda "gara bazar" söwdagärleriň 1 amerikan dollaryny 21 manat 50 teňňeden satyn alýandygyny we 21 manat 90 teňňeden satýandygyny habar berýärler.

18-nji maýda Lebabyň Türkmenabat şäherinde bolsa, "gara bazarda" 1 amerikan dollary 22 manat 20 teňňeden satyn alynýar we 22 manat 50 teňňeden satylýar.

2015-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Merkezi banky dollaryň resmi kursyny 3,50 manat möçberinde saklap gelýär. 2016-njy ýylyň ýanwarynda bolsa, Türkmenistanda dollaryň nagt söwdasy gadagan edildi. Şondan soň onuň "gara bazary" emele gelip, 1 amerikan dollarynyň bahasy 20 manatdan geçdi.

Şeýle-de, türkmen hökümeti raýatlaryň walýuta alyş-çalyşmalaryna ýowuz çäklendirmeleri girizdi.

1-nji aprelden başlap bolsa, ýurtda walýuta bank hasaplarynyň eýelerine pul serişdesiniň, şol sanda zähmet haklarynyň dollaryň resmi kursy boýunça diňe manatda beriljekdigi habar berildi.

Berdimuhamedowyň soňky tabşyrygy, ýurtda öňden gelýän ykdysady kynçylyklar bilen bir hatarda, global nebit bahalarynyň aşaklan we koronawirus pandemiýasynyň fonunda türkmen gazynyň esasy alyjysy "PetroChina" kompaniýasynyň ýurda import edýän tebigy gazynyň möçberini azaldýandygyny yglan etmeginiň yzýanyna gabat geldi.

2019-njy ýylyň noýabrynda Aşgabada sapar eden Halkara pul gaznasynyň ekspertleri Türkmenistanyň hökümetine durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin döwlet inwestisiýalaryny azaltmagy we manadyň konwertasiýa mümkinçiliklerini ösdürmegi maslahat berdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG