Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Adam döwletiň iň ýokary gymmatlygy'. Türkmenistan Konstitusiýa gününi belleýär


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň suraty, Aşgabat
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň suraty, Aşgabat

Türkmenistan 18-nji maýda Baş kanunynyň gününi belleýär. "Konstitusiýamyza, şonuň ýaly-da mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň ebedilik nyşany bolan Döwlet baýdagymyza biz çäksiz buýsanýarys hem-de uly hormat goýýarys" diýlip prezidentiň halka ýüzlenmesinde aýdylýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy 1992-nji ýylda kabul edildi we üç onýyllyga golaý döwrüň dowamynda ençeme düzedişe we üýtgetmelere sezewar boldy. Baş kanunyna 2016-njy ýylda girizilen üýtgetmeler Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezidentlik wezipesinde galmak mümkinçiliklerini artdyrdy.

Konstitusiýany üýtgetmek boýunça işler 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda ýene-de güýçlendi. Prezident Berdimuhamedowyň teklip eden häzirki konstitusion reformasy Mejlisi we Halk maslahatyny birleşdirmek arkaly iki öýli parlament döretmegi göz öňünde tutýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Konstitusiýa güni mynasybetli döwlet metbugatynda çap edilen halka ýüzlenmesinde Baş kanunyň adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýändigi aýdyldy.

Türkmenistanyň Konstitusiýa güni şu ýyl ýurduň birnäçe regionynyň güýçli tebigy betbagytçylygynyň weýrançylygy bilen ýüzbe-ýüz bolan döwrüne gabat geldi. Lebap we Mary welaýatlarynda ilatyň uly bölegi güýçli tupanyň ýetiren zyýany bilen ýeke galdy. Jaýdan mahrum bolup, azygyň we beýleki zerurlyklaryň ýetmezçiligini başdan geçirýän ilat döwletiň kömegini alyp bilmän protest geçirýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG