Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Syn: Türkmenistandaky netijesiz häkimiýet ilaty proteste itekleýär


Kiprdäki türkmen raýatlary protest geçirdi

Türkmenistanda häkimiýetleriň adaty adamlaryň hal-ahwalyna biperwaý garamagy we ýurt dolandyryşyndaky bärden gaýtmalary eýýäm käbir raýatlaryň sabyr käsesini doldurana meňzeýär.

Türkmen raýatlarynyň nägileligine geň galjak az bolsa gerek.

Türkmenistanda soňky bäş ýylyň dowamynda ýaşaýyş-durmuş şertleri göz-görtele pese gaçdy.

Türkmenistanda azyk gytçylygy, maliýe ýetmezçiligi dowam edýär. Işlemäge ukyply adamlaryň ýarpysyndan gowragy ýa iş tapman kösenýär ýa-da çäkli şertlerde zähmet çekýär. Girdeji ýetmezçiligini başdan geçirýän türkmen hökümeti, adatça, munuň bilen bagly maliýe meselelerini adaty halkyň gerdenine ýükleýär. Türkmen hökümeti ýurtda koronawirus bilen kesellän ýeke adamyň hem hasaba alynmandygyny öňe sürse-de, ýurtdaky wirusyň gerimi barada aladalar eşidilýär. Bu aralykda, tebigy harasatlar hem urgynyň üstüne urgy goşýar.

13-nji maýda Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat (ozalky Çärjew) şäheriniň “Železnodorožnaýa” sebitinde müňe golaý adam, ýerli häkimiýetleriň tebigy harasatyň netijelerini heniz hem aradan aýyrmaýandygyna we bu ugurda ilata ýardam etmeýändigine nägilelik bildirip, protest çäresine çykdy. Bu barada garaşsyz turkmen.news neşiri habar berdi.

27-nji maýda sebite apy-tupan gelip, mundan soň hem güýçli ýagyn ýagdy.

Hökümet ejir çekene ilata hiç hili ýardam ýollamady.

4-nji maýda sebite ýene güýçli ýagyş ýagdy.

Hökümetden ýene-de kömek bolmady. Bu barada resmi derejede asla-da agzalmady.

13-nji maýda sebitde ýene ýagyş ýagdy. Bu gezek ilat köçä çykdy. Adamlar ýaşaýan sebitlerinde eýýäm iki hepde, ýagny 27-nji aprelden bäri elektrik üpjünçiliginiň ýola goýulmandygyny, kanalizasiýa ulgamlarynyň işlemeýändigini we bu sebäpli lagym suwlarynyň köçeleriň üstünde çaýkanyp durandygyny, üçeklerine hem zeper ýeten ençeme gatly jaýlaryň ýerzeminlerini suwuň basandygyny, munuň hem çybynlaryň köpelmegine getirendigini aýdyp, nägilelik bildirdiler.

Eger-de, 13-nji maýda Türkmenabadyň “Železnodorožnaýa” sebitinde müňe golaý adam köçä çykan bolsa, bu 1991-nji ýylda ýurt garaşsyzlygyna eýe bolaly bäri raýatlaryň hökümete nägilelik bildirip geçiren iň uly protest çäresi hem bolan bolmagy mümkin.

Türkmenistanda häkimiýetlere nägilelik bildirip jemgyýetçilik demonstrasiýasyny geçirmek juda howply bolmagyna galýar.

Soňky gezek hökümete garşy uly protestler 1995-nji ýylyň iýulynda Aşgabatda geçirilipdi.

1995-nji ýylyň 12-nji iýulynda Aşgabatda ýüzlerçe adam ykdysady şertleriň ýaramazlygyna we şol wagtky prezident Saparmyrat Nyýazowyň hökümetine garşy paýtagtyň merkezine ýöriş geçiripdi.

Polisiýanyň tutha-tutlugyndan soň, diňe 200 töweregi adam paýtagtyň merkezine çenli aşmagy başardy. Soňy bilen ýöriş dargadyldy we oňa gatnaşan onlarça protestçi tussag edildi. Şonda hökümet olaryň “alkogol we neşe serişdeleriniň täsirinde bolup”, “jemgyýetçilige garşy prowokasiýa” gatnaşandyklaryny öňe sürdi.

Bu Türkmenistandaky häzirki güne çenli geçirilen iň uly protestiň bolandygy hasaplanylýar. Şol aýyň soňunda, 100-e golaý aýal maşgala hem ykdysady ýagdaýlaryň barha ýaramazlaşmagyna we hökümetiň diýdimzor dolandyryşyna garşy protest bildirip, prezidentiň köşgüne tarap ýörişe çykypdylar. Emma, howpsuzlyk güýçleri olaryň köşge tarap ýoluny bagladylar.

Şondan bäri, iň azyndan soňky günlere çenli ýurtda bu derejedäki hökümete garşy protestler bolmandy.

Türkmenistanda golaýda geçirilen beýleki nägilelikli protestler baradaky gürrüňe geçmezden ozal, dowamly çalşyrylýan ýerli resmileriň rollary barada hem durup geçmeli.

2018-nji ýylda, ýurtdaky ykdysady ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagyny dowam etdirýän döwri, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow welaýat häkimlerine regional býujetleri doldurmagyň tärlerini tapmak boýunça görkezme beripdi. Munuň yzýany, beýleki ýagdaýlar bilen bir hatarda, ulag sürüjilerine ýazylýan jerimeleriň sany hem artdy.

Umuman alanyňda, ýerli resmiler özleriniň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini çözmäge borçly. Emma munuň soňy bilen resmileriň özi üçin hem töwekgelçilikli ýagdaýlary döretmegi mümkin.

2017-nji ýylyň oktýabrynda Daşoguzda ene-atlaryň, esasan hem ejeleriň bir topary, çagalar bagynyň töleginiň ençeme esse ýokarlandyrylmagyna nägilelik bildirip, welaýat bilim müdirligine ýöriş çäresini geçiripdi.

Welaýat bilim bölüminde bir resminiň "şäher häkimligine gidip, arzyňyzy ýetiriň" diýen maslahatyndan soň, nägilelik ýörşini gurnaýan köpçülik Daşoguz şäher häkimligine tarap hereket etdi.

Adamlar Daşoguz şäher häkimligine ýetmänkäler, polisiýa tarapyndan saklandy.

Ýene-de bir bellemeli ýagdaý, protestçilere arzyny şäher häkimligine ýetirmegini aýdan welaýat bilim müdirliginiň resmisine garşy "Halky döwlete garşy öjükdirmekde” aýyplamasy bildirildi we ol tussag edildi.

Netijede, 14-nji maýda Türkmenabadyň “Železnodorožnaýa” sebitine häkimiň orunbasarynyň we polisiýanyň işgärleriniň gelendigi onçakly geň galdyrjy hem däl. Şol pursat häkimiň özüniň nirede bolandygy barada takyk maglumat ýok.

10-njy maýda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Ýalkym daýhan birleşiginde adamlaryň un nobatyna garaşyp duran mahaly, sebitde etrap häkimi Serdar Meredow göründi.

Nobatda duran aýallaryň bir topary häkimi tanap, dessine onuň daşyny gabap, nägileligini bildirip başladylar.

“Hemmesine sen günäkär! Sen diňe pagta ekdirdiň, iýmäge zat ýok” diýip, aýallar häkime ýüzlendiler.

Etrap häkimi aýallaryň elinden gutulyp, wakanyň bolan ýerine etrap polisiýasyny ugratdy. Onuň yzýany, häkime nägilelik bildiren aýallar obanyň medeniýet öýünde polisiýa tarapyndan häkime hüjüm etmegi özlerine kimiň öwredendigi barada soraga çekildi.

Aprel aýynyň başlarynda Maryda ilat, esasan hem aýal maşgalalar, un we ösümlik ýagynyň ýetmezçiligi, bahalaryň dowamly ýokarlanmagy sebäpli, birnäçe protest çäresini geçirdi. Şonda häkimiýetler sebite dessine azyk önümlerini ugradypdylar we adamlaryň meseleleriniň tiz wagtda çözüljekdigini söz beripdiler.

Raýatlaryň apy-tupanyň netijeleri bilen özbaşdak göreşýän pursady, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tebigy harasatdan soňky bir hepdäniň dowamynda Owganystana we Russiýa gumanitar kömek ýollady, şeýle-de goňşy Özbegistanyň bent böwsülmesiniň netijesinde heläkçilik çeken etraplaryna gyssagly kömegi ibermäge taýýardygyny aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri Lebapdaky harasatda ejir çekenlere hemaýat hökmünde, daşary ýurtlardaky türkmenistanlylar tarapyndan meýletin ýagdaýda toplanan pul serişdeleriniň paýlanylmagynyň hem öňüni alýarlar. Howpsuzlyk gulluklary mätäçligi bolanlara pul serişdelerini paýlamakçy we harasat barada maglumatlar paýlaşmakçy bolýan raýatlara basyş edýärler.

Daşary ýurtlardaky türkmenistanlylar hem türkmen hökümetiniň ejir çeken ilata ýeterlik ýardam etmeýändigine nägilelik bildirip, birnäçe protest çäresini geçirdiler.

15-nji maýda Türkmenistanyň raýatlary ýurduň Stambuldaky ilçihanasynyň öňünde ýygnanyp, protest geçirdiler.

11-nji maýda Kiprdäki türkmen raýatlary hem, Türkmenistanyň welaýatlarynyň atlary, şeýle-de “Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halka kömek et!!!” ýazgyly plakatlary saklap, tupandan ejir çeken ilata hemaýatyň berilmegini talap etdiler.

Şeýle-de, şu aýyň başynda türkmen raýatlary Türkmenistanyň Waşingtondaky ilçihanasynyň öňüne plakatly çykyp, adam pidaly tebigy harasatda ýogalanlara gynanç bildirdiler.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda ilat arasynda ogurlyk we talaňçylyk hadysalarynyň hem köpelýändigi bellenilýär.

Bularyň ählisi nazarda tutulanda, türkmenistanlylaryň häkimiýetlere açyk nägileligini bildirip başlar ýaly nähili derejede lapykeçlige we alaçsyzlyga uçrandygyny aňsa bolýar.

Bu ýerde adaty bir sorag döreýär: bular türkmen režimine howpuň abanýandygyny we onuň agdarylyp bilinjekdigini yşaratlandyrýan irki alamatlar bolup bilermi?

Türkmenistanyň ilaty 5 milliona golaý. Onuň 20% töweregi Aşgabatda ýa-da paýtagtyň eteklerinde ýaşaýar.

Türkmenabadyň ilaty 250 müň töweregi, Daşoguzyň ilaty 160 müňe ýakyn we Marynyň ilaty hem 115 müňe golaý.

Bu şäherler birek-bireginden uzak aralykda ýerleşip, olar ýüzlerçe kilometrlik ilatsyz çägeler bilen bölünen. Bu şäherleri belli bir derejede aňsatlyk bilen üzňeleşdirip boljakdygyny görkezýär.

Aşgabatda hem azyk ýetmezçiligi we bahalaryň gymmatlamagy ýaly meseleler bar bolsa-da, ýagdaýlar ýurduň beýleki sebitleri bilen deňeşdirilende ýene-de oňat hasaplanýar.

Aşgabatda raýat eşigindäki howpsuzlyk gulluklary dükanlardaky, banklardaky nobatlara, bazarlara aýlanyp, häzirki dörän ýagdaýlar barada nägilelik bildirýän, hökümetden şikaýat edýän raýatlary ýüze çykarmak ugrunda hereket edýärler. Uzak ýyllardan gelýän tejribelerine laýyklykda, türkmen howpsuzlyk gulluklary hökümet barada tankydy pikirleri dile getirenleri dessine tussag edýärler.

Türkmen häkimiýetleriniň tä Aşgabady berk gözegçiliginde saklaýança, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkyň aýaga galmagy netijesinde çetleşdirilip bilinjekdigi şübhe döredýär.

Emma Türkmenistandaky ykdysady ýagdaýlaryň bu golaýda düzeljekdigine meňzemeýär. Günleriň birinde, şol sanda paýtagt Aşgabatda hem, resmileriň ilata hödür eder ýaly azyklary galmadyk döwri, adamlaryň çekýän açlyk azaplary häkimiýetleriň jezalandyrmak howatyrlaryndan has üstün çykmagy mümkin.

Makaladaky aýdylanlar awtoryň öz şahsy pikiri bolup, olar Azatlyk Radiosynyň resmi garaýyşyny aňlatmaýar.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG