Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Koronawirus täze sepgide ýetdi, oňa ýolugýanlaryň sany käbir sebitlerde heniz hem ýokarlanýar


Illýustrasiýa suraty.

Koronawirus ýokanjy tassyk bolan adamlaryň sany 21-nji maýda tutuş dünýä boýunça 5 million adamdan aşýan wagty, käbir ABŞ ştatlary çäklendirmeleriň has-da gowşadylmagyna rugsat berýär, Braziliýada bir günde 20 müň töweregi koronawirus keseli hasaba alynda, Hytaý bolsa ýylyň iň uly syýasy ýygnanyşygyna taýýarlandy.

Birleşen Ştatlaryň käbir ýerlerinde restoranlar täzeden açylyp başlandy, ýöne diňe açyk meýdanda naharlanmaga rugsat berilýär we stollaryň arasynda 2 metr aralyk saklanýar.

21-nji maýdan başlap Nýu Ýorkda 10-dan az adamyň gatnaşmagynda dini çäreleriň, şol sanda toýlaryň geçirilmegine rugsat berler, ýöne gatnaşyjylar maska geýmeli we sosial aralygy saklamaly.

Prezident Donald Tramp 21-nji maýda Detroit sebitinde bir wentilýator öndürýän zawoda sapar etmegi meýilleşdirýär.

ABŞ-nyň ydysadyýetini gaýtadan dikeltmäge synanyşýan Tramp täzeden saýlanmak üçin kampaniýa alyp barýan mahaly, 20-nji maýda ýene Hytaýy berk tankytlady. Ol Twitterde Hytaýyň “bütin dünýä ýaýradan agysyndan we gyrgynçylygyndan üns sowmaga köp synanyşýandygyny” aýtdy.

Test mümkinçilikleri artdyrylýan wagty, hem-de Latin Amerikasynda, Hindistanda we başga ýerlerde täze ýokançlyklaryň sany ýokarlanýan mahaly, 20-nji maýda dünýäde bir günde täze rekord, 106 müň koronawirus keseli hasaba alyndy.

Braziliýada hasaba alnan täze ýokançlyklaryň sany bilen hassalaryň jemi sany 291,579 adama çykdy we keseliň sany boýunça bu ýurt dünýäde Birleşen Ştalardan, Russiýadan soň üçünji orna çykdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG