Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeçen lideriniň koronawirus sebäpli keselhana ýerleşdirilendigi baradaky habarlardan soň, onuň ýagdaýy we nirededigi nämälim galýar


Çeçen lideri Ramzan Kadyrow gorag lybasynda Groznynyň kliniki keselhanasyna sapar edýär. 20-nji aprel, 2020-nji ýyl.
Çeçen lideri Ramzan Kadyrow gorag lybasynda Groznynyň kliniki keselhanasyna sapar edýär. 20-nji aprel, 2020-nji ýyl.

Koronawirus ýokaşan bolmak ähtimallygy sebäpli çeçen lideri Ramzan Kadyrowyň bir gün ozal Moskwada keselhana ýerleşdirilendigi barada berlen habarlardan soň, onuň häzirki ýagdaýy we nirede saklanýandygy barada çeçen we rus liderleri dil ýarmaýar.

Eger bu tassyk bolsa, Kadyrow premýer-ministr Mihail Mişustin hem-de Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow ýaly wirus ýokaşan belli rus resmileriniň sanawyna goşulýar.

“Interfaks” we “RIA-Nowosti” 21-nji maýda ady aýdylmaýan saglyk resmilerine salgylanyp, 43 ýaşly Kadyrowyň howa ýollary arkaly Moskwa getirilendigini we onuň lukmançylyk gözegçiliginde saklanýandygyny habar berdi.

“Baza” Telegram kanaly Kadyrowyň ýiti respirator kesel alamatlary bilen 21-nji maýda “Moskwanyň iň ýokary hilli saglyk öýleriniň birine” ýerleşdirilendigini habar berdi.

Has ozal regional çeçen häkimiýetleri tarapyndan dolandyrylýan “Grozny TW” telekanalynyň başlygy Kadyrowyň heniz hem gözegçiligi elinde saklaýandygyny aýtdy, ýöne ol çeçen lideriniň keselhana ýerleşdirilmegi baradaky habarlary aç-açan inkär etmedi.

Kadyrowyň “hut özi ýagdaýa gözegçilik edýär, ol zerur bolan ähli çäreleri görýär. Onuň baş edarasynyň işi onuň hut öz gözegçiligi astyndadyr”diýip, Ahmet Dudaýew özüniň Instagram hasabynda goýan wideosynda aýtdy.

“Öz keşbiniň ýesiri”

Koronawirus pandemiýasynyň fonunda Kadyrow häkimiýet howasyny döretmäge synanyşdy. 21-nji maýa çenli Çeçenistan 1,046 sany tassyklanan koronawirus wakasyny resmi habar berdi, bu keselden 11 adam aradan çykdy.

Ýaňy-ýakynda Kadyrow sebitlerde medisina işgärleriniň özlerini wirusdan goramak üçin maskalarynyň hem-de beýleki gorag enjamlarynyň ýokdugy barada eden şikaýatlaryna nägilelik bildirdi.

Çeçen lideri Ramzan Kadyrow. Arhiwden alnan surat.
Çeçen lideri Ramzan Kadyrow. Arhiwden alnan surat.

“Kawkaz düwüni” neşiriniň redaktory Grigoriý Şwed adatça awtoritar Kadyrowdan gorkýan medisina işgärleriniň koronawirusdan has köp gorkup başlandyklaryny we olaryň has ýygy-ýygydan çykyş edip başlandyklaryny aýtdy.

Şwedow Kadyrowyň saglyk ýagdaýynyň töweregindäki ümsümligi, esasan, hassa bolmaklygyň onuň döreden “güýçli adam keşbine” ýetirmegi ahmal zyýany bilen düşündirdi.

“Ramzan Kadyrow özüniň güýçlüdigi, özüniň islendik zady edip bilýändigi, hiç hili problemanyň ýokdugy barada döreden öz keşbiniň ýesiridir. Şonuň üçin, eger ol hatda kesel hem bolsa, Hudaý oňa şypa bersin, eger ol hatda kesel hem bolsa, ol bu barada gürlemez” diýip, ol Current Time-a gürrüň berdi.

Remezan aladalary

Kadyrow baradaky habarlar Çeçenistanda we goňşy Dagystanda häkimiýetleriniň hepdäniň ahyrynda Remezan aýynyň tamamlanmagy mynasybetli adamlaryň toparlara ýygnanmazlyklary üçin çäklendirmeleri ýaýbaňlandyrýan wagty ýüze çykdy.

Çeçenistanyň içeri işler ministri Ruslan Alhanow 23-nji maýdan başlap üç günüň dowamynda gyssagly kömek hyzmatlaryndan daşgary ähli hereketleriň gadagan ediljekdigini aýtdy.

Dagystanda häkimiýetler iki sany iri şäherde petiklenme yglan etdi. Sebitiň paýtagty Mahaçkalanyň resmiler heniz şeýle çäre görmedi.

Russiýa COVID-19 hassalarynyň sany boýunça Birleşen Ştatlardan soň ikinji ýerdedir.

22-nji maýda Russiýada koronawirus hassalarynyň sany 326,448 adama ýetdi, ölümleriň sany 3,249-a çykdy.

Russiýa koronawirus ölümlerini pnewmoniýadan hasaba almak arkaly olaryň sanyny pes görkezmekde aýyplanýar.

Mişustinden we Peskowdan başga medeniýet ministri Olga Lýubimowanyň hem-de gurluşyk ministri Wladimir Ýakuşewiň koronawirus testleri hem “oňyn” netije berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG