Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dagystanda ýerlileriň “betbagtçylyk” barada duýdurmagyndan soň, Putin ol ýeriň ýiti COVID-19 problemasyny boýun aldy  


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin

Russiýanyň gündogaryndaky Dagystan respublikasynda bir ýerli müfti sebitde COVID-19-a garşy alnyp barylýan göreşi “betbagtçylyk” atlandyrandan soň, Putin ol ýerdäki “çylşyrymly” ýagdaýy kabul etdi.

18-nji maýda dagystanly resmiler bilen wideoaragatnaşyk arkaly geçiren maslahatynda Putin “koronawirus howpunyň tutuş ýurtda saklanyp galýandygyny we häzirki wagtda Dagystanda ýagdaýlaryň aňsat däldigini” aýtdy.

Ol 3 million ilatly respublikada “bilermenleriň hassalara lukmançylyk kömeginiň giç berilmeginiň, şeýle-de näsaglaryň öýde öz-özlerini bejermekleriniň problemany has-da kynlaşdyrýandygyny öňe sürýändiklerini” aýtdy.

18-nji maýda berlen resmi sanlara görä, Dagystanda 3,400-den gowrak adama koronawirus ýokuşdy, olardan 29 adam aradan çykdy.

Ýöne köp synçylar we käbir rus resmileri ýurduň berýän resmi sanlarynyň ygtybarlylygyna soragly garaýar.

Dagystanyň saglyk ministri Jemaletdin Gadji Ibragimow 650-den gowrak adamyň COVID-19 pidasy hökmünde hasaba alynmandygyny kabul etdi we olaryň “köpçülikden ýokaşan pnewmoniýadan” aradan çykandygyny aýtdy. Olaryň hatarynda 40 töweregi lukman we şepagat uýasy bar.

Putin Dagystanyň saglygy goraýyş ulgamynyň “agyr ýük” astyndadygyny aýtdy we “adamlar zerur lukmançylyk kömeginiň hemişe, hemme ýerde, tüýs wagtynda we dolulygyna elýeterli däldigini aýdýarlar” diýip sözüniň üstüni ýetirdi.

“Biz öz-özüňi üzňeleşdirmek düzgünleri barada, köpçülikleýin çäreleriň çäklendirilmegi we olaryň berjaý edilmegi babatynda sanitariýa lukmanlarynyň berýän maslahatlaryny has-da seljermeli” diýip, rus lideri aýtdy.

Näsaglara gözegçilik toparynyň başlygy Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Current Time telekanalyna beren interwýusynda Dagystanda ähli keselhanalarda hassalaryň çakdan aşa köpdügini, gorag enjamlarynyň ýiti ýetmezçilik edýändigini hem-de COVID-19-y anyklamakda problemalaryň bardygyny gürrüň berdi.

AFP habar gullugynyň habaryna görä, Dagystanyň müftüsi Ahmat Abdullaýew 18-nji maýda wideoaragatnaşyk arkaly Putine ýüzlenip, “betbagtçylygyň gerimi bizi size ýüz tutmaga mejbur edýär, haýyş edýäris, Dagystana üns beriň!” diýdi.

Putin ilatynyň agramly bölegi musulmanlar bolan ýurtda mukaddes Remezan aýynyň tamamlanmagy bilen bellenilýän Oraza baýramyny adamlaryň öýlerinde bellemekleri barada din wekilleriniň edýän çagyryşlaryny gaýtalady.

Russiýa koronawirus ölümlerini pnewmoniýadan hasaba almak arkaly olaryň sanyny pes görkezmekde aýyplanýar.

18-nji maýa çenli ýurtda 290 müň COVID-19 hassasy hasaba alyndy, ýöne bary-ýogy 2,722 adam aradan çykdy, bu bolsa ýurdy ölüm derejesi gaty pes ýurtlaryň hataryna goşýar.

Lukmanlar medisina enjamlarynyň ýetmezçiliginden gaty kösenýändiklerini habar berýärler.

Habar berilmegine görä, Dagystan respublikasynyň ýolbaşçysy Wladimir Wasilýew ýurduň resmi koronawirus statistikasyny goldap çykyş etdi, ýöne medisina işgärleriniň arasynda ölenleriň sanyny “anyklaşdyrmagy” wada berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG