Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Resmilere ýeralma meselesini çözmek buýruldy. Synçy ýalandan el çekmeli diýýär


Gurbanguly Berdimuhamedow 21-nji maýda ýene bir gezek ýeralma problemasyny gozgady.
Gurbanguly Berdimuhamedow 21-nji maýda ýene bir gezek ýeralma problemasyny gozgady.

“Biziň ýurdumyz oba hojalyk önümleriniň öndürilmeginde özüni üpjün edip bilýän döwlet bolmalydyr, bazarlarymyz dürli önümlere baý bolup, türkmenistanlylaryň ýokumly iýmitlere isleglerini üpjün etmelidir" diýip, döwlet baştutany aýtdy.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 21-nji maýda ýene bir gezek ýeralma, sogan we beýleki oba hojalyk önümleri, ýerli bazary ýerli önümler bilen doly üpjün etmek meselesini gozgady.

Ol 19-njy maýda geçiren iş maslahatynda hem häkimlerden ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmegi berk talap etdi.

Prezident iki gün soň Ministrler kabinetiniň başlygynyň obasenagat hem-de gurluşyk we senagat toplumlaryna gözegçilik edýän orunbasarlary E.Orazgeldiýew, Ş.Durdylyýew bilen ýüzbe-ýüz oturyp, ýeralma, sogan gürrüňini dowam etdiren hem bolsa, öňkülerinden täze bir zat aýtmady.


“Maslahatda ýurdumyzyň ilatyny türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän azyk önümleri bilen üpjün etmekde alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de öňde durýan, ilkinji nobatda, amala aşyrylmaly wezipeler kesgitlenildi” diýip, TDH ýene bir gezek azyk howpsuzlygy meselesiniň gün tertibine gelendigini tassyklady.

Ýogsa neşir mundan öňki mejlislerden soň gök we bakja ekinleriniň daşary ýurtlara eksport edilýän möçberleriniň artýandygyny habar beripdi.

“Biziň ýurdumyz oba hojalyk önümleriniň öndürilmeginde özüni üpjün edip bilýän döwlet bolmalydyr, bazarlarymyz dürli önümlere baý bolup, türkmenistanlylaryň ýokumly iýmitlere isleglerini üpjün etmelidir" diýip, döwlet baştutany aýtdy.


Türkmen prezident ýanwar aýyndan bäri ýeralma gürrüňini has kän gaýtalamaga başlady. Soňky iş maslahatynda bolsa ol tohumlyk ýeralmanyň hem ýurduň özünde öndürilmegini talap etdi.

Eýsem, bu ýerde esasy mesele nämede?

  • Türkmenistanyň importy azaldyp, eksporty köpeltmek ugrunda edýän tagallalary näme üçin garaşylýan netijeleri bermeýär?
  • Näme üçin ýurt yzygiderli azyk gytçylygy bilen ýüzbe-ýüz bolýar?
  • Daýhanlaryň ýerli bazarlary ýerli önümler bilen üpjün etmekleri üçin nähili çäreler görülmeli?

Azatlyk radiosy bu soraglary ozalky suw gurluşyk inženeri Nurmuhammet Hanamowa berdi.

N.Hanamow: Ýeralmanyň bolmagy üçin ýalançylykdan el çekmeli
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:47 0:00


XS
SM
MD
LG