Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýylyň premýer-ministri Netanýahu korrupsiýada aýyplanyp, sud edilýär


Benýamin Netanýahu


24-nji maýda Iýerusalim sudunda Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahuyň korrupsiýa boýunça sud seljerişligi açyldy, premýer bu jenaýat işini syýasy sebäpli guralan “jadygöý awy” hökmünde häsiýetlendirýär.

Ysraýylda jenaýat jogapkärçiligine çekilen ilkinji iş başyndaky premýer-ministr bolan Netanýahu Iýerusalimdäki etrap sud mejlisine gatnaşyp, düşündiriş bermeli.

Bu sud işi onuň agzybirlik hökümetiniň başlygy wezipesinde bäşinji möhlete kasam kabul etmeginiň bir hepde soňundan başlanýar.

Agzybirlik hökümetiniň düzülmegi ýurtda üç netijesiz saýlawdan soň bir ýyldan gowrak dowam eden syýasy petigiň tamamlanmagyna alyp geldi.

Sagçy “Likud” partiýasyna ýolbaşçylyk edýän Netanýahu noýabr aýynda baý adamlaryň beren sowgatlary bilen baglanyşykly para almakda, galplykda, ynamdan gaçmakda, metbugatda gowy görkezilmegiň deregine media tüçjarlary üçin amatly hukuk ugurlaryny döretmege çalyşmakda aýyplandy.

Sud 20-nji maýda Netanýahuyň aklawçylarynyň "tehniki diňlenişik" delili astynda suduň ilkinji gününe barmazlyk baradaky tagallalaryny ret etdi.

Kanun sud işine seredilýän premýer-ministriň işden çekilmegini talap etmeýär.

Netanýahu özüniň sud jogapkärçiligine çekilmegini ýazgaryp, ony çepçi suduň meşhur sagçy lideriň wezipesinden aýrylmagy üçin gurnan “jadygöý awy” diýip atlandyrdy.

Sud aslynda 17-nji martda başlanmalydy, emma ol koronawirus pandemiýasy sebäpli yza süýşürildi.

Alty ýyl ozal öňki premýer-ministr Ehud Olmert para almakda günäli tapyldy we 16 aý türmede oturdy. Onuň sud seljerişligi 2006-2009-njy ýyllarda premýer bolup işläninden soň geçirildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG