Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň prezidenti '2 müňe çenli' 'Talyban' ýesirlerini boşadyp başlady


Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň wekili, Kabul, 24-nji maý, 2020

Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghani 24-nji maýda 2 müňe çenli "Talyban" ýesirlerini boşatmak işini başlady we söweşijileriň Ramadan aýynyň soňunda Eid al-Fitr baýramçylygynyň dowamynda üç günlük ok atyşygy bes etmek teklibini makullady.

"Jogapkärçilikli hökümet hökmünde biz öňe tarap ýene bir ädim ädýäris - men "Talyban" tussaglaryny boşatmagy tizleşdirjegimi yglan edýärin" diýip, Ghani baýramçylyk mynasybetli halka ýüzlenmesinde aýtdy.

Şeýle-de, Ghani "Talyban" hereketini onuň tussaglykda saklaýan owgan harbylaryny boşatmak işine itergi bermäge ündedi.

Prezidentiň metbugat wekili Sedik Sedikki prezidentiň 2 müňe çenli tussagy boşatmak işine başlandygyny habar berdi.

Sedikki Owganystanyň hökümetiniň "parahatçylyk bardaky tekliplerini dowam etdirýändigini we parahatçylyk prosesini kepil geçmek boýunça öňe tarap ädim ädýandigini" aýtdy.

Fewral aýynda ABŞ we "Talyban" ABŞ-nyň taryhynda iň uzakmöhletleýin harby hereketlerini togtatmak hakynda ylalaşyk baglaşdylar. Ylalaşykda ABŞ-nyň Owganystandan goşun çykarmagynyň möhletleri we "Talybanyň" howpsuzlyk borçnamalaryny göz öňünde tutulýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG