Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BSG Ýewropada petiklenme çäreleri açylýan we wirus başga ýerlerde möwjeýän mahaly, ikinji tolkun barada duýdurýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Dünýäniň käbir ýerlerinde koronawirus infeksiýasynyň peselmek tendensiýasyndan soň, petiklenme çäreleri ýuwaş-ýuwaşdan ýeňilleşdirilýän mahaly, Bütindünýä saglyk guramasy (BSG) ýurtlara wirusyň öňüni almak çärelerini gowşatmakda gaty çalt hereket etseler, "derrew ikinji ýokarlanma" bilen ýüzbe-ýüz bolup biljekdiklerini duýdurýar.

Şu hepde Ýewropanyň çäginde, islandiýalylaryň ýene-de klublarda oturyşyk etmegi, Ispaniýada köp sanly plýažyň we Germaniýada saglyk çäreleri esasynda sport zallarynyň hem-de howuzlaryň açylmagy bilen, ýurtlar kadaly ýagdaýa dolanmak üçin goşmaça ädimleri ätýärler.

Dünýäde häzire çenli tassyklanan koronawirus näsagalarynyň sany 5,5 million çemesi bolup, bu wirusdan 346 müň adam öldi. Emma pandemiýanyň irki döwürlerinde ejir çeken Gündogar Aziýanyň we Ýewropanyň köp böleginde wirusyň ýaýramagy azalan ýaly bolup görünýär.

Muňa garamazdan, dünýäniň köp bölegi heniz wirusyň ilkinji tolkunyna garşy göreşýär diýip, 25-nji maýda BSG-niň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça bölüminiň başlygy Maýk Raýan (Mike Ryan) duýdurdy. Şeýle-de, ol wirusyň Latyn Amerikanyň, Günorta Aziýanyň we Afrikanyň käbir ýerlerinde möwç alýandygyny hem belledi.

25-nji maýda Bütindünýä saglyk guramasy COVID-19 keselini bejermek üçin potensial serişde hökmünde gidroksihlorokiniň kliniki synaglaryny wagtlaýyn togtadandygyny mälim etdi. Gurama munuň sebäbini seresaplylyk çäresi diýip düşündirdi.

XS
SM
MD
LG