Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan hökümeti ýene 900 sany “Talyban” tussagyny boşadýar


Owgan hökümeti tarapyndan wagtyndan öň boşadylan "Talyban" tussaglary
Owgan hökümeti tarapyndan wagtyndan öň boşadylan "Talyban" tussaglary

Owganystanda söweşijiler tarapyndan ok atyşygy bes etmegiň üçünji we soňky gününe girilen mahaly,owgan hökümeti 26-njy maýda ýene 900 sany “Talyban” tussagyny boşatmagy planlaşdyrýar.

Resmileriň aýtmagyna görä, söweşe arakesme bermek çäresi musulmanlaryň Oraza baýramy mynasybetli 24-nji maýda güýje girdi we ýurduň aglaba böleginde amala aşyryldy.

Mundan öň hökümet Talybanyň ok atyşygy bes etmek baradaky teklibine jogap berip, 2000-e çenli söweşiji tussagy boşatmak planlaryny yglan etdi.

“Şu gün 900 [tussagy] boşatmak barada karar bar” diýip, 26-njy maýda Milli howpsuzlyk geňeşiniň metbugat wekili Jawid Faýsal takyk sanyň kazyýet proseduralaryna görä üýtgäp biljekdigini hem aýtdy.

Eger şu sandaky tussaglar doly boşadylsa, onda bu häzire çenli azat edilen “Talyban” tussaglarynyň iň uly topary bolar.

23-nji maýda owgan häkimiýetleri 100 tussagy azatlyga goýberdi.

Fewral aýynda Birleşen Ştatlar we “Talyban” ABŞ-nyň taryhyndaky iň uzyn harby hereketi bes etmegi maksat edinýän şertnama gol çekdiler.

XS
SM
MD
LG