Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da ölenleriň sany 100 müňe golaýlady, Günbatar Ýarymşar koronawirusyň täze öýjügine öwrülýär


Brazil. Nossa Senhora Aparecida gonamçylygyndaky täze mazarlaryň ýokardan alnan suraty. 22-nji maý, 2020.

Bütin dünýäde 5,6 milliona golaý COVID-19 hadysasy tassyklandy we 350 müň adam öldi, ozal keseliň agyr zarba uran ýerleri bolan Ýewropada we Aziýada täze kesel hadysalarynyň derejesi aşak gaçdy.

Birleşen Ştatlarda, Ýewropada we beýleki ýerlerde ýuwaşlyk bilen başlanan açylyşyň dowam etdirilmegi, käbir sebitlerde ölüm derejesiniň peselmegi pandemiýanyň iň agyr günleriniň geçendigini görkezse, Latyn Amerikasyndaky ölüm derejeleri we täze kesel ýokaşmalary bu ýeriň pandemiýanyň täze öýjügine öwrülendigini yşarat edýär.

ABŞ-da koronawirusdan ölenleriň sany 26-njy maýda 100 müňe golaýlap, 98,913 adam boldy we gaýtadan açylmalara garamazdan, ýurtda wirus howpunyň ýokary bolmagynda galýandygyny ýatlatdy.

"Roýters" habar gullugynyň synyna görä, ýurduň 50 ştatynyň ählisinde kärhanalara we jemgyýetçilik çärelerine girizilen çäklendirmeler dürli derejelerde aýryldy, ýöne 20 ştatdaky gaýtadan açylyş 24-nji maýda tamamlanan hepdede COVID-19 keseline uçranlaryň sanynyň köpelen wagtyna gabat geldi. Ondan öňki hepdede kesel ýokaşanlaryň sany 13 ştatda köpelipdi.

Keseliň iň agyr zarba uran ýeri bolan Nýu-Ýorkda ABŞ-nyň gubernatory Endrýu Kuomo Nýu-Ýorkda açylan aksiýa alyş-çalyş bazarynyň jaňyny kakyp, söwdanyň iki aý içinde ilkinji gezek açylandygyny yglan etdi.

Nýu-Ýork ştaty 26-njy maýda 73 adamyň ölümini hasaba aldy, bu soňky aýlardaky iň pes ölüm görkezijisi bolup, wirusyň ýokaşmagy hem iň ýokary derejelere baran wagtyndan, 800-den has aşak gaçana meňzeýär.

“Bu akyla sygmaýan hakykat, bular gowy habarlar" diýip, Kuoma aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp gaýtadan açylyş üçin basyş görkezmegini dowam etdirýär.

Ýöne Wall Streetde umyt esasynda gurlan ilerlemelere, Federal ätiýaçlyk gorunyň gören goşmaça çärelerine garamazdan, esasy köçede pandemiýanyň döreden ykdysady çökgünligi we 14,7% -e ýetýän işsizlik iş, biznes kynçylyklaryny döretmegini dowam etdirýär.

Bütin dünýäde 5,6 milliona golaý COVID-19 hadysasy tassyklandy we 350 müň adam öldi, ozal keseliň agyr zarba uran ýerleri bolan Ýewropada we Aziýada täze kesel hadysalarynyň derejesi aşak gaçdy.

Petiklenmelerden soň wirus ýaýramasynyň görnetin haýallan sebitlerinden tapawutlylykda, Pan Amerikan Saglyk guramasynyň 26-njy maýdaky maglumatyna görä, Günbatar Ýarym Şar pandemiýanyň täze gyzgyn nokadyna aýlandy.

Bu sebitde 2,4 milliondan gowrak wirus näsagynyň hasaba alnandygy, 143 müňden gowrak adamyň wirusdan ýogalandygy habar berilýär. Bu ýagdaý sebitiň saglygy saklaýyş ulgamlaryna ýykylmak howpuny saldy.

Brazil indi, tassyklanan 391 müň COVID-19 näsagy bilen, wirus ýokaşanlaryň sany boýunça ABŞ-dan soň ikinji orunda bolsa, 24,512-den gowrak adamyň ölmegi bilen, koronowirusdan ölenleriň sany boýunça dünýäde altynjy orunda durýar.

Latyn Amerikasynyň iň köp ilatly ýurdy häzir günde 800-den gowrak adamyň ölümini hasaba alýar, soňky günlerde ABŞ-da 620 töweregi adamyň ölümi hasaba alnypdy.

Hünärmenler Brazilda geçirilen synaglaryň, wirus barlaglarynyň azdygyny nazara alyp, hakyky görkezijileriň has ýokary bolmagynyň hem ahmaldygyny aýdýarlar.

Braziliň prezidenti Jaýr Bolsonaro pandemiýa howpuna kembaha garaýar we petiklenmegiň keseli öz ugruna goýbermekden gymmat düşjekdigini öňe sürýär.

Amerikalardaky Brazil ýaly ýurtlar üçin "häzir çäklendirmeleri gowşatmagyň ýa-da öňüni alyş çärelerini azaltmagyň wagty däl" diýip, Pan Amerikan Saglyk guramasynyň müdiri Karissa Etienne 26-njy maýda aýtdy.

Ýewropada, ölüm görkezijileriniň we täze wirus ýokaşmalarynyň azalmagy bilen, bileleşigiň kem-kemden açylmagynyň fonunda, ÝB-niň agza ýurtlarynyň birnäçesi gelýän birki hepdäniň içinde serhetleri gaýtadan açmak çärelerine seredýär.

Ýewropa Komissiýasy 27-nji maýda ÝB ykdysadyýetleri üçin, koronawirusdan soňky dikeldiş planynyň çäginde, 1 trillion ýewrodan gowrak möçberde grantlaryň, karzlaryň we ýokary kepillikleriň garjaşyk meýilnamasyny yglan eder.

XS
SM
MD
LG