Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň döwlet dükanlarynda iýmit önümleriniň söwdasy kynlaşdyryldy


Illýustrasiýa suraty

Mundan beýläk, paýtagtyň döwlet dükanlarynda edilen bir gezeklik söwdada satyn alnan 1 litr ösümlik ýagy bilen bir hatarda, onuň gapdalyndan bahasy 7 manatdan ýarym kilogram nohut ýa-da tüwi satyn almak talap edilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy anonim şertde 1-nji iýunda habar berdi.

Ol edilen söwdanyň gapdalyna goşulyp berilýän tüwiniň hiliniň pesdigini aýdýar.

“Towuk buduny satyn almak üçin ýene-de nobata durmaly, iki towuk buduny satyn alýarsyň we onuň gapdalyndan ýene-de ýarym kilogram nohut ýa-da tüwi satyn almaly” diýip, habarçymyz aýtdy.

“Munça tüwi bilen nohudy näme etmeli?” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bir ýaşaýjynyň dükan satyjylaryna beren soragyny getirýär.

Onda satyjylar bu talabyň “ýokardan” berlen buýrukdygyny aýdyp düşündirýärler.

Türkmenistanda iýmit önümleriniň gytçylygy bilen bagly problemalar dowam edýär. Azyk harytlaryny hususy söwda bilen deňeşdirilende döwlet dükanlaryndan arzan bahadan satyn almak isleýän raýatlar döwlet dükanlarynyň öňünde nobatlara garaşmaga mejbur bolýarlar. Döreýän nobatlarda adamlaryň arasynda dawa-jenjelleriň ýüze çykýan halatlary hem bolýar.

30-njy maýda “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri Aşgabadyň 30-njy etrapçasynda ýerleşýän “Garagum” dükanynyň öňünde ösümlik ýagyny satyn almak üçin dörän adamlaryň nobatynda bolan bir gapma-garşylyk barada habar berdi.

Neşiriň habaryna görä, iýmit nobatynda öňdäki hatarlara süýşmäge synanyşýan 8-nji klas bir mekdep okuwçysy, nobata garaşýanlaryň hatarynda özüniň öňe geçmegine böwet bolmaga synanyşan bir göwreli aýaly itekläpdir. Bu gapma-garşylygyň netijesinde ýagdaýy erbetleşen göwreli aýal hassahana äkidilýär we onuň alty hepdelik çagasy düşýär. Neşir bu wakanyň 18-nji maýda bolandygyny habar berýär.

Şuňa meňzeş ýene bir wakany 1-nji iýunda Azatlyk Radiosynyň aşgabatly habarçysy hem habar berdi.

Ol ýaňy-ýakynda döwlet dükanlarynyň birinde iýmit önümlerini satyn almak üçin nobata garaşýan adamlaryň arasynda dörän nobatda dawa-jenjeliň ýüze çykandygyny habar berdi.

Onuň sözlerine görä, bir aýal maşgala nobata garaşýan beýleki bir gartaşan aýaly itekleýär. Iteklenen aýalyň saglyk ýagdaýy ýaramazlaşyp, nobata garaşýanlar wakanyň bolan ýerine gyssagly “Tiz kömek” çagyrýarlar.

“Nobata garaşýanlaryň arasynda ejir çeken aýalyň gelni hem bardy, ol gaýyn-enesini iteklän aýaly tanady” diýip, habarçy aýdýar. Soňra nobatdaky gartaň aýala zyýan ýetiren aýal maşgalany ýerli polisiýa çagyrýarlar. “Şondan soň ol görnenok” diýip, habarçymyz aýdýar.

“Şeýle dawa-jenjeller häli-şindi ýüze çykýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Türkmenistanda dowam edýän iýmit önümleriniň gytçylygy we gymmatçylygy barada döwlet resmileri çykyş etmeýärler.

Ýurduň döwlet media we metbugat serişdeleri hem döwlet dükanlarynyň öňünde döreýän nobatlar, iýmit önümleriniň ýetmezçiligi we nobata garaşýan adamlaryň arasynda döreýän dawa-jenjeller barada kelam agyz habar bermeýärler.

Azatlyk Radiosy döwlet dükanlaryň öňünde döreýän nobatlarda ýüze çykan dawa-jenjeller barada, şeýle-de, adamlaryň arasynda şu wagta çenli nähili gapma-garşylyklaryň hasaba alnandygy barada Aşgabadyň şäher polisiýasyndan kommentariýa alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG