Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatly meýletinçiler soňky 10 günüň dowamynda Lebaba iki tapgyr ynsanperwer ýardam ugratdy


Illýustrasiýa suraty. Lebap welaýatynda harasatdan zyýan çeken bina.
Illýustrasiýa suraty. Lebap welaýatynda harasatdan zyýan çeken bina.

Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde apreliň ahyrynda turan güýçli tupandan soň, onuň netijeleri we ýerli ilata berilýän ýardamlar barada döwlet emeldarlary heniz hem resmi dymyşlygy saklaýan wagty, ýurt raýatlary öz aralarynda arkalaşýar.

“Soňky 10 günüň dowamynda aşgabatly meýletinçiler Lebaba ilki 1000 sany buhanka-çörek, soňra 700 çörek iberdi. Bu diňe maňa mälim bolan bir meýletinçi toparyň bitiren işi” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 26-njy maýda gizlinlik şertinde habar berdi.

“Hemme zat örän hüşgärlik bilen ýerine ýetirilýär. Gizlin. Sebäbi häkimiýetler yzarlaýar” diýip, habarçy aýtdy.

Lebap we Mary welaýatlarynda 27-nji aprelde harasat gopup, ol heläkçilikli we weýrançylykly netijelere ýol açaly bäri, soňky bir aýyň dowamynda türkmen häkimiýetleri, bu barada resmi derejede dil ýarman gelýär. Harasatdan ejir çeken raýatlara döwletiň kömek berip-bermeýändigi resmi metbugatda agzalmaýar.

“Ol ýerde ýiti çörek we suw ýetmezçiligi bar, resmi Aşgabat hiç zat etmeýär” diýip, habarçy ýurt içinden habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, aşgabatly ýaşaýjylaryň döreden meýletin toparlary häkimiýetleriň yzarlamalaryndan howatyr edip, haýyr-sahawat işlerini örän gizlinlik bilen ýerine ýetirýärler hem-de ýygnan ýardamlaryny otlyda ugradýarlar.

“Harytlary daşaýjylar bu ýardamlary tölegsiz, mugtuna alyp gidýärler” diýip, habarçy sözüne goşdy.

Aşgabadyň ýaşaýjylary harasatdan ejir çeken lebaply ýurtdaşlaryna ýardam bermek üçin öz aralarynda pul çöpleýärler.

“Meniň bir tanşym pul toplamak işlerine gatnaşdy” diýip, habarçy aýtdy.

“Ýygnalan ýardamlar Aşgabatdan ugradylýar, ol ýerde bolsa polisiýa ýygnamaz ýaly, esasan aýal maşgalalar, harytlary garşy alýar we örän hüşgärlik bilen ilat arasynda paýlaýarlar” diýip, ol maglumatynyň üstüni ýetirdi.

Iýmit önümleri bilen bir hatarda paýtagtyň ýaşaýjylary öz aralarynda egin-eşikleri hem ýygnaýarlar.

Bir aýa golaý wagt bäri türkmen häkimiýetleri harasatyň weýrançylykly netijeleri bilen baglylykda raýatlaryň öz aralaryndaky raýdaşlygyny, ejir çeken halka özbaşdak ýardam bermek isleýän adamlary yzarlap, olaryň ýardamlaryna böwet bolup gelýär. Iberilýän kömekleriň diňe döwlet edaralarynyň üsti bilen ugradylmagy talap edilýär. Haýyr-sahawat ýygnaýan raýatlar bolsa, ýurtdan gowuşýan maglumatlara görä, döwlet edaralaryna ynanmaýar.

“Meýletinçilere Lebabyň halkyna göni ýardam bermäge rugsat berilmeýär, diňe häkimligiň üsti bilen ýardam ugratmak talap edilýär. Häkimiýetler bolsa hatda köçede ýykylan elektrik sütünlerini dikeltmek üçin hem ilatdan pul ýygnaýar” diýip, habarçy aýtdy.

Şu wagta çenli Azatlyk Radiosyna mälim bolan maglumatlara görä, Lebap we Mary welaýatlarynda 27-nji aprelde gopan harasatyň netijesinde 35-den gowrak adam wepat boldy, köp sanly ýaşaýyş jaýlary, durmuş maksatly desgalar, ilatly nokatlaryň esasy durmuş infrastrukturalary, galyberse-de oba hojalyk ekinleri uly zyýan çekdi.

Soňky üç hepdäniň dowamynda türkmen polisiýasy ABŞ-da ýaşaýan türkmenistanlylaryň Lebapda ejir çekenlere niýetläp öz aralarynda toplan 5 müň dollar möçberinde maliýe hemaýatynyň ýurda gowuşmagyna böwet boldy, Baýramalyda harasatdan ejir çeken adamlara özbaşdak ýardam beren telekeçiler howpsuzlyk gulluklary tarapyndan soraga çekildi, Aşgabatda Lebaba ýardam ibermek isleýän Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine agza işewürlerden diňe döwlet edaralarynyň üsti bilen regiona ýardam ibermekleri talap edildi.

Bu aralykda Türkmenistanyň hökümeti martyň ortalaryndan bäri Eýrana, Owganystana, Russiýa Federasiýasyna ynsanperwer ýardam ugratdy, Özbegistana ýardam teklip etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG