Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yssy howada adamlar pul nagtlaşdyrmak üçin bankomatlaryň öňünde nobata garaşýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Aý başynda Türkmenistanyň dürli künjeklerinde we paýtagt Aşgabatda adamlar aýlyk haklaryny nagtlaşdyrmak üçin aşa yssy howada pully bankomat gözleýär, işleýän bankomatlarda uly nobatlar döreýär.

“Baýramaly şäherinde “Halkbankyň” işiginde öz aýlyk haklaryny nagtlaşdyrmak isleýän adamlaryň uly nobaty bar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 5-nji iýunda Baýramalydan habar berdi.

Türkmenistanda şu günler yssy howa dowam edýär. Aşa yssy howa bankomat nobatyna garaşýan adamlaryň jan-saglygyna täsir ýetirýär.

“Howa gaty yssy, 45 gradusdan ýokary. Nobata garaşýan adamlaryň arasynda köp adam ysgyndan gaçyp, gyra geçip oturýar, olaryň içinden huşuny ýitirýän adamlar hem bar” diýip, habarçymyz belledi.

Baýramalyda pul nagtlaşdyryp bilmedik adamlaryň arasynda pully bankomatyň gözlegine çykyp, welaýat merkezine gidýän adamlar hem bar.

“Howurly gyzgyn howada adamlar pyýadalap, şäheriň içinde bankomatlara aýlanýarlar. Eger-de haýsydyr bir bankyň bankomatynda pul bar bolsa, oňa günüň aşagynda birnäçe sagatlap nobata durmaly bolýar” diýip, habarçy gürrüň berdi.

Türkmenistanda raýatlaryň aýlyk haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň we pensiýalarynyň olaryň bank hasaplaryna geçirmek işleri soňky 6 ýyldan gowrak wagt bäri tapgyrlaýyn esasda ýola goýuldy.

Paýtagt Aşgabadyň ýaşaýjylary hem pul nagtlaşdyrmak bilen bagly kynçylyklary başdan geçirýärler.

“Bank kartymyň üsti bilen bankomatlardan pul nagtlaşdyrmak üçin şu gün üç banka aýlandym” diýip, 5-nji iýunda bir aşgabatly anonim şertde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, eýýäm aladaňdan adamlar bankomatlaryň öňünde pul nagtlaşdyrmak üçin uly nobatlary emele getirýärler.

Howanyň yssysy şu günler Aşgabatda 43 gradusa çenli ýetýär.

“Bankomat nobatyna garaşýan adamlary gün urýan halatlary hem bolýar” diýip, habarçy sözüne goşdy.

Onuň sözlerine görä, Görogly köçesiniň ugrunda ýerleşýän “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň binasynda oturdylan kondisionerleriň howry, binanyň daşynda bankomat nobatyna garaşýan adamlaryň üstüne pürkülýär.

“Ýöne nobat köçä görünmez ýaly adamlar şol ýere, bankyň howlusyna ýygnanýarlar” diýip, habarçy belledi.

“Türkmenbaşy” bankynda-da ýagdaý şeýle.

“Ozallar ol ýerde bankomatlar bank binasynyň daş ýüzünde oturdylypdy. Ýöne üç aý mundan ozal, bankomatlary binanyň içine göçürdiler. Binanyň içi doly adam, adamlar pul nagtlaşdyrmak üçin garaşýar” diýip, habarçy aýtdy.

Ol Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik bankynda-da ýagdaýlaryň şeýledigini sözüne goşdy.

Türkmenistanda soňky birnäçe ýyl bäri ýiti ykdysady kynçylygy başdan geçirip gelýär. Ýöne ýurt resmileri bu kynçylyklary aç-açan agzamaýar. Oňa derek döwlet media we metbugat serişdelerinde gije-gündiz ýurtdaky ösüşler diýilýän sepgitler mahabatlandyrylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG