Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenabatda nagt ýetmezçiliginiň fonunda bankomatlaryň sany azaldylýar


Aýlyklaryny nagtlaşdyrmaga çalyşýan ýaşaýjylar. Arhiwden alnan surat

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň ilaty bankomatlaryň azlygyndan, olaryň hatardan çykmagyndan we nagt ýetmezçiliginden kösenýän mahaly, häkimiýetler şäherdäki bankomatlaryň sanyny azaldýar.

"Türkmenabatda ýerleşýän "Halkbankdaky" 4 we "Türkmenistan" bankyndaky 2 bankomady aýyrdylar. Şäherdäki banklaryň her birinde 1 ýa-da 2 bankomat işleýär, galanlary işlemeýär. Mysal üçin, “Türkmenistan” bankynyň “Amul” şahamçasynda 3 sany bankomat bar, ýöne iň gowy bolanda olaryň diňe iki sanysy işleýär. Tutuş şäherde ýagdaý şeýle" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 17-nji martda gürrüň berdi.

Ol bu kemeldilmäniň şäheriň bankomatlarynyň öňünde zähmet haklaryny nagtlaşdyrmak üçin duran adamlaryň nobatlary 100 metre çenli uzap gidýän mahaly amala aşyrylýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

"Golaýda býujet işgärleriniň zähmet haklary bank kartlaryna geçirildi we munuň netijesinde bankomatlaryň öňünde uly nobatlar döredi. Häzir bu nobatlar 50 metrden 100 metre çenli ýetýär. Adamlar aýlyklaryny nagtlaşdyrmak üçin ençeme sagatlap ýa-da günläp dik aýak üstünde durýarlar" diýip, habarçy belledi.

Aýdylmagyna görä, raýatlaryň bu bökdençlikler bilen ýüzbe-ýüz bolmagyna bankomatlaryň azlygy we olardaky nagt puluň tiz wagtda gutarmagy, şeýle-de olaryň kadaly işlemezligi hem-de bankomatlardan nagtlaşdyryp bolýan puluň möçberine girizilen çäklendirmeler sebäp bolýar.

"Adamlar her gün öz kartlaryndaky aýlyklarynyň 800 manadyny nagtlaşdyryp bilýärler. Ýöne käbir bankomatlar her karty salanyňda diňe 100-200 manat berýär. Netijede adamlar kartlaryny birnäçe gezek salyp çykarmaly bolýarlar. Şeýle bolansoň, bankomatlar kartlary "ýuwudyp" ýa-da nädogry möçberdäki puly berip başlady. Bu ýagdaý bankomatlaryň käbiriniň düýbünden hatardan çykmagyna getirdi" diýip, habarçy aýtdy.

Galyberse-de, habarçy dünýäde koronawirusyň ýaýraýan mahaly, bankomatlaryň öňunde üýşýän adamlaryň uly töwekgelçilik edip bu ýere barýandygyny we olaryň uly howp astyndadygyny hem belledi.

"Häzirlikçe ýurtda bu wirus ýokuşan adam ýok, ýöne muny kim bilýär. Muňa hiç kim kepil geçip bilmeýär" diýip, lebaply habarçy aýtdy.

2014-nji ýyldan bäri Türkmenistanda zähmet, pensiýa, talyp haklaryny we döwlet kömek pullaryny raýatlaryň bank hasaplaryna geçirmek işi tapgyrlaýyn esasda ýola goýuldy. Munuň netijesinde, ýurt raýatlary bank kartlaryndaky puly diňe bankomatlarda nagtlaşdyryp ýa-da ondan nagt däl söwdada peýdalanyp bilýärler.

Ýöne ýurtda soňky üç ýyla golaý wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, bankomatlaryň işlemezligi we olarda nagt ýetmezçiligi, bankomatlaryň öňündäki uzyn nobatlar dowam edýär.

Munuň bilen bir wagtda, Azatlygyň habarçylary ilatyň kartlardaky puldan nagt däl söwdada peýdalanmagy üçin-de şertleriň doly döredilmeýändigini, töleg terminallary ýerleşdirilen söwda nokatlarynyň azdygyny habar berip gelýärler.

"Nagt däl hasaplaşyklar köp ýerde ýola goýulmadyk. Töleg terminallary köp ýerde işlemeýär. Onsoňam adamlara nagt tölemek has ygtybarly" diýip, lebaply habarçy aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri bu kynçylyklary aç-açan agzaman, ýurduň ykdysadyýetinde we maliýe ulgamynda uly üstünlikleriň gazanylandygyny tekrarlap gelýärler.

Emma tekrarlanýan bu "üstünliklere" garamazdan, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow soňky alty aýdan hem az wagtyň dowamynda Merkezi bankyň başlygyna iki gezek käýinç yglan etdi. Bu käýinçler Merdan Annadurdyýewe şu ýylyň fewralynda we geçen ýylyň awgustynda yglan edilipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG