Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sport ministri wezipesinden boşadyldy, çeşme onuň “kemçilikleriniň” ýüze çykarylýandygyny aýdýar


Illýustrasiýa suraty. Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginden bir görnüş.
Illýustrasiýa suraty. Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginden bir görnüş.

5-nji iýunda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň permany bilen ýurduň sport we ýaşlar syýasaty ministri Daýanç Gulgeldiýew “işden goýberen düýpli kemçilikleri üçin” wezipesinden boşadyldy. Kemçilikler diýilýänler döwlet metbugatynda aýdyňlaşdyrylmady. Ýöne Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly çeşmesi öňki ministr bilen bagly kanun bozmalaryň ýüze çykarylýandygyny habar berýär.

40 ýaşly Gulgeldiýew 2018-nji ýylyň ýanwarynda Döwlet sport komitetiniň binýadynda döredilen Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine ýolbaşçy wezipesine bellenipdi.

“Sport ýolbaşçysynyň (Gulgeldiýew – red.) baş goşan düzgün bozmalary häzirki wagtda ýüze çykarylýar. Onuň wezipeden boşadylmagynyň esasy sebäbi onuň öz garyndaşlaryny we kursdaşlaryny işe almagydyr” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme gizlinlik şertinde 9-njy iýunda Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Şeýle-de, onuň sözlerine görä, geçen hepde Aşgabatda boks boýunça geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda ýaryşlar Gulgeldiýewiň buýrugy bilen aşa yssy howada Olimpiýa şäherçesinde ýapyk binalarda däl-de, açyk asmanyň astynda geçirilýär, yssy howa ýaryşa gatnaşyjylara we tomaşaçylara ýaramaz täsir edýär, hatda ýaryşa gatnaşanlaryň biriniň saglyk ýagdaýy juda ýaramazlaşyp, ol, çeşmäniň sözlerine görä, “ölümiň bäri ýanyndan dönýär”. Yssy howada ýaryşlaryň açyk asmanyň astynda geçirilmeginiň sebäpleri nämälim galýar.

Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi saýtyna görä, 27-31-nji maý aralygynda boks boýunça Türkmenistanyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşlar Aşgabadyň Olimipiýa şäherçesinde ýerleşýän tennis toplumynda geçirildi.

Azatlygyň çeşmesiniň sözlerine görä, öňki ministr ýurduň sport mekdepleriniň tälimçilerini 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna niýetlenip çykarylan we häzirki güne çenli satylman galan öz bahasy 300 manatlyk sport lybaslaryny we “Aziadanyň nyşanlaryny” 500 manada satyn almaga mejbur edýär.

“Köp sport mekdebi muňa garşy çykdy, boýun gaçyrdy ýöne barybir olar satyn almaga mejbur edildi” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Daýanç Gulgeldiýew 2013-2017-nji ýyllar aralygynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk boýunça döredilen Ýerine ýetiriji komitete ýolbaşçylyk etdi. Türkmenistan bu ýaryşlara taýýarlygyň çäginde, Azatlyga mälim bolan maglumatlara görä, 10-15 millard dollara çenli çykdajy etdi. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçirildi.

Prezidentiň karary bilen 5-nji iýunda sport we ýaşlar syýasaty ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek işleri ministriň öňki orunbasary Gulmyrat Agamyradowyň üstüne ýüklenildi.

Galyberse-de, şol gabatlar, 2-nji iýunda prezidentiň karary bilen “Sport” teleýaýlymynyň başlygy Rasul Babaýew hem “işden goýberen kemçilikleri üçin” wezipesinden boşadyldy. Bularyň arasynda nähilidir bir ilteşigiň bardygy ýa-da ýokdugy Azatlyk Radiosyna mälim däl. 4-nji iýunda prezidentiň karary bilen “Sport” teleýaýlymynyň başlygy wezipesine Saparguly Öwezberdiýew bellenildi.

Azatlyk Radiosy wezipesinden boşadylan Daýanç Gulgeldiýewiň baş goşandygy aýdylýan düzgün bozmalar boýunça onuň özünden ýa-da Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginden kommentariýa alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG