Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pandemiýanyň fonunda Aşgabatda we welaýatlarda welosiped ýörişleri geçirildi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Çarşenbe güni Bütindünýä Welosiped güni mynasybetli Aşgabatda geçirilen welosiped ýörişine müňlerçe resmi gatnaşdyryldy, ekssentrik lider Gurbanguly Berdimuhamedow ýörişiň başyny çekdi diýip, AFP habar agentligi Aşgabatdan habar berýär.

Gobal pandemiýanyň fonunda geçirilýän welosiped ýörişlerine döwlet telewideniýesi 7,500 adamyň gatnaşandygyny habar berýär. AFP şeýle çäreleriň ýurduň beýleki künjeklerinde hem geçirilendigini habar berdi.

Mundan başga-da, ýiti ykdysady krizisi başdan geçirýän Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda 30 metrlik welosipediň heýkeli açylypdyr.

Azatlyk Radiosynyň Baýramalydaky habarçysy carşenbe güni Mary şäheriniň Mollanepes köçesiniň ugrunda köpçülikleýin welosiped ýörişiniň geçirilendigini habar berdi.

3-nji iýunda Lebap welaýatynda-da Bütindünýä Welosiped gününe bagyşlanyp, tigirli ýörişleriň geçirilýändigini Azatlyk Radiosynyň bu regiondaky habarçysy habar berýär.

Lebapdaky ýörişler Türkmenabadyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Atçylyk-sport toplumynyň we Astanababanyň taryhy zyýarathanalarynyň gabatlarynda hem-de Saýat etrabynyň merkezinde geçirilýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda-da çarşenbe güni welosiped ýörişiniň geçirilendigini, oňa 500 adamyň çekilendigini habar berdi.

"Häkimiýetler bu çärelere müňlerçe býujet işgärini mejbury gatnaşdyrýar" diýip, lebaply habarçymyz aýtdy.

Ol welaýatyň medeniýet öýleriniň işgärlerinden bu çäre mynasybetli aýdym aýtmagyň hem-de tans etmegiň talap edilýändigini, mejbury çärelere gatnaşmakdan ýüz öwren medeniýet işgärleriniň işlerinden boşadylyp, olaryň diplomlarynyň häkimiýetler tarapyndan ýatyrylýandygyny habar berdi.

Bu ýagdaý boýunça Azatlyk Radiosy Lebap welaýatynyň Medeniýet bölüminden hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginden kommentariýa alyp bilmedi.

Habarçymyz welosiped ýörişlerini prezidentiň ünsde saklaýandygy sebäpli, ýerli häkimiýetleriň köpçülikleýin çärelere berk taýýarlyk görendigini habar berdi.

TDH-nyň habaryna görä, 2-nji iýunda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara welosipedçiler birleşiginiň prezidenti Dawid Lappartýen hem-de “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, Halkara welosipedçiler birleşiginiň ýolbaşçysy Igor Makarow bilen onlaýn duşuşyk geçiripdir.

Prezident Berdimuhamedowyň welosipedli gezelençleri wagtal-wagtal döwlet telewideniýesinde görkezilýär. Media we metbugat serişdelerinde welosiped sporty giňden wagyz edilýär, Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurtda köpçülikleýin geçirilýän welosiped ýörişlerine býujet işgärleriniň mejbury çekilýändigini, tigir üçin olardan pul tutulýandygyny yzygiderli habar berýärler.

Trek welosporty boýunça dünýä çempionatynyň 2021-nji ýylda Aşgabatda geçirilmegine garaşylýar.

2018-nji ýylyň aprelinde resmi Aşgabadyň başlangyjy bilen her ýylyň 3-nji iýuny BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Bütindünýä Welosiped güni” yglan edildi. Bu Türkmenistanyň hökümetiniň gazanan “uly ýeňşi” hökmünde ýurduň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar serişdelerinde yzygiderli mahabatlandyrylýar. Geçen ýylyň iýunynda Aşgabatda guralan welosiped ýörişi Ginnesiň Rekordlar kitabyna girdi, ýöne şuňa meňzeş çärelere adamlaryň mejbury gatnaşdyrylýandygy döwlet mediasynda agzalmaýar.

Global pandemiýanyň fonunda 7-nji aprelde Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli Türkmenistanyň dürli künjeklerinde geçirilen welosipedli ýörişlere 7 müň adam çekildi.

Türkmenistanyň döwlet metbugaty bu ýyl 3-nji iýun – Welosiped gününiň dünýäde 3-nji gezek bellenilmeginiň 3-nji güne gabat gelmegine-de biperwaý garamaýar.

“Üns berseňiz, Bütindünýä welosiped gününiň Ýer ýüzünde üçünji gezek toýlanylyşy diňe bir tomsuň däl, eýsem, täze bir hepdäniň hem üçünji gününe — çarşenbä gabat gelýändir. “Çarşenbede — çar ýana” diýip pederlerimiz ýöne ýerden aýtmandyrlar” diýip, Türkmen Döwlet neşirýat gullugynyň resmi websaýtynda aýdylýar.

Azatlyk Radiosy 3-nji iýun – Welosiped gününiň 3-nji gezek bellenilmeginiň 3-nji güne gabat gelmeginde nähilidir bir aýratyn alamatyň bardygyny ýa-da ýokdugyny hiç kime tassykladyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG