Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedowyň Balkana gelmegine garaşylýar


Balkanabat şäherindäk heýkel
Balkanabat şäherindäk heýkel

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň welaýatlaryna edýän saparlarynyň çäginde, häzirki pursat Balkanyň administratiw merkezi Balkanabat şäherinde güýçi depginde mejbury arassaçylyk işleri geçirilýär. Şeýle-de, bu taýýarlyklaryň arasynda, Daşoguzda welaýat häkiminiň ulagynyň ýoldan çykyp, oňa kiçi şikesiň ýetendigi barada hem maglumat gowuşýar.

“Häzir Balkanabatda şäheriň we welaýatyň beýleki etraplaryndan getirilen býujet işgärleri arassaçylyk işlerine mejbur edilýär. Berdimuhamedowyň saparynyň dowamynda, onuň täze metjidiň açylyş dabarasyna gatnaşyp, sadaka bermegine hem garaşylýar” diýip, Azatlygyň ýerli habarçylarynyň biri 12-nji iýunda anonimlik şertinde maglumat berdi.

Belläp geçsek, soňky döwür Berdimuhamedowyň welaýatlara edýän saparlarynyň çäklerinde, şeýle-de paýtagt Aşgabatda metjitlerde prezidentiň galam hakyndan düşendigi aýdylýan serişdeleriň hasabyna sadakalary bermek, olaryň dowamynda prezidente jan-saglyk diläp, doga-dileg etmek ýoň boldy.

Hökümet tankytçylarynyň köpüsiniň pikirine görä, Berdimuhamedowyň kitaplary döwlet serişdesine çap edilýär we ýaýradylýar, raýatlar köplenç olary satyn almaga mejbur edilýär, emma daşary ýurtlarda olaryň beýle geçmeýändigi aýdylýar. Munuň netijesinde metjitlerde prezidentiň adyndan berilýän sadakalaryň hem prezidentiň öz şahsy däl-de, döwletiň serişdelerine gurnalýandygy bellenilýär.

Bu aralykda, Daşoguzda Berdimuhamedowyň saparyna görülýän taýýarlyklaryň arasynda, welaýatyň häkimi Nazarmyrat Nazarmyradowyň kiçi köçe ýol hadysasyna uçrandygy barada hem maglumat gowuşdy.

“Häkimiň ulagy Gubadagdan Boldumsaza ýakynlanda, ol ýoldan çykdy. Munuň netijesinde häkimiň maňlaýyna şikes ýetdi. Hadysadan soň, häkimiň gatnaşmagynda, şol sanda Köneürgenç şäherinde geçirilmeli taýýarlyk çäreleri ýatyryldy” diýip, 10-njy iýunda ýüze çykan bu ýagdaýlardan habarly çeşme gürrüň berdi.

Munuň netijesinde, Berdimuhamedowyň ýurduň demirgazyk welaýatyna meýilleşdirilen saparynyň ýatyrylyp-ýatyrylmandygy häzirlikçe belli däl. Bu we ýokarda beýan edilen beýleki ýagdaýlar barada hem welaýat häkimliginden maglumat almak başartmady.

Galyberse-de, prezidentiň Balkana we Daşoguza etjek saparlarynyň senesi nämälim bolmagyna galýar. Bular barada döwlet mediasynda hem öňünden hiç hili maglumat berilmeýär.

Mundan öň, Berdimuhamedow 8-nji iýunda Lebap we 9-njy iýunda Mary welaýatlarynda saparda bolupdy.

Gepiň gerdişine görä bellesek, apreliň ahyrlarynda Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde, şol sanda Lebap we Mary welaýatlarynda güýçli tupan turdy, onuň yzýany birnäçe günläp dowamly ýagyş ýagdy. Lebaba we Mara eden saparynda prezident welaýat ýaşaýjylarynyň durmuşyna ýaramaz täsir eden şol güýçli howa hadysalarynyň netijeleri we onuň ýol açan heläkçiligi barada dil ýarmady.

Soňky hökümet maslahatyndan mälim bolşuna görä, iýun aýynyň dowamynda prezidentiň welaýatlara sapar etmegine we 3-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň alty aýyň jemleri boýunça giňeldilen uly mejlisini geçirmegine garaşylýar.

Prezidentiň welaýatlara edýän saparlary ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň, döwlet dükanlarynda wagtal-wagtal ýaramazlaşýan çörek we un üpjünçiliginiň fonunda, şeýle-de welaýatlarda galla oragyna girişilýän wagty amala aşyrylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG