Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Berdimuhamedow Mary welaýatyna sapar edýär


Illýustrasiýa suraty. Çärä gatnaşýan adamlar.
Illýustrasiýa suraty. Çärä gatnaşýan adamlar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 9-njy iýunda agşam sagat 18:00-dan soň iş sapary bilen Mary welaýatyna bardy.

Prezidentiň saparynyň öňýany, ony garşylamak üçin Mary şäherinde ençeme adam, şol sanda häkimiýet wekilleri, tansçylar, edaralaryň ýolbaşçylary, işgärleri we beýleki adamlar 9-njy iýun güni bellenen ýerde gije sagat 23:00-e çenli saklanyldy. Ýöne soňra garaşýan adamlara prezidentiň welaýata gelmändigi aýdylyp, olar öýlerine ugradyldy. “Baýramaly etrabynda we Mary şäherinde prezidente garaşyldy” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 10-njy iýunda habar berdi.

“Türkmenistanyň hronikasy” neşiri 8-nji iýunda prezidentiň Lebaba eden saparynda býujet işgärleriniň daňdan sagat 4-den gije sagat 11-e çenli Türkmenabatda prezidenti garşylamak üçin aeroportuň köçesiniň ugrunda 19 sagatlap garaşdyrylandygyny habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy 10-njy iýunda säher bilen prezidentiň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň “Täze durmuş” daýhan birleşiginde ýeralmasy ekilen meýdanlara baryp görendigini habar berdi.

“Prezident “Täze durmuş” daýhan birleşigine awto ulagly gider öýdülip, aeroportuň golaýyndan, Garagum kanalynyň gyrasy bilen tä daýhan birleşige çenli öňünden täze asfalt düşediler, emma prezident ol ýere dik uçarly gitdi” diýip, habarçy aýtdy.

Soňra prezident bugdaý oragyna badalga bermek üçin Wekilbazar etrabyndan dik uçar bilen Oguzhan etrabyna gidýär.

Galyberse-de, habarçymyz Baýramaly etrabynda-da prezident Berdimuhamedowyň saparyna garaşylandygyny, agşam 21:00-23:00 aralygynda şäherde ýollaryň ýapylandygyny habar berdi.

8-9-njy iýunda Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň ikinji güni ol Çärjew etrabynyň “Watan” daýhan birleşiginde, döwlet telewideniýesiniň habar bermegine görä, bugdaý oragyna girişmek işlerine badalga berdi, ýeralma meýdanlarynda olaryň köwlenişini synlady, soňra gök-bakja we bugdaý ekinleriniň hasyllaryndan hem-de çörek we çörek önümlerinden guralan sergini synlady.

Döwlet telewideniýesiniň şekillerinde prezident bilen duşuşan kärendeçi daýhan bu ýylyň ygally bolandygyny, munuň bugdaý hasylyna oňyn täsir edendigini aýtdy. Onuň bilen gürrüňdeş bolan prezident ygalyň pagta-da oňyn täsir edendigini aýdyp, daýhanyň sözüniň üstüni ýetirdi.

“Säher bilen turup, bu işlere başlanyň nämä degenak? Rysgal-a bu!” diýip, prezident kärendeçä ýüzlendi.

Apreliň ahyrlarynda Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde, şol sanda Lebap we Mary welaýatlarynda güýçli tupan turdy, onuň yzýany birnäçe günläp dowamly ýagyş ýagdy. Lebaba eden saparynda prezident welaýat ýaşaýjylarynyň durmuşyna ýaramaz täsir eden şol güýçli howa hadysalarynyň netijeleri we onuň ýol açan heläkçiligi barada dil ýarmady.

Türkmen döwletiniň tankytçylary ýurduň oba hojalyk pudagyny Berdimuhamedowyň ünsden düşürýändigini aýdyp zeýrenýärler.

Ýerlerde döwlet baştutany bilen duşuşan daýhanlar döwlet telewideniýesinde prezidentiň oba hojalyk syýasatyny goldap çykyş edýärler.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gizlinlik şertlerinde gürrüňdeş bolan ençeme kärendeçi daýhan ekin ösdürip, hasyl almakda suw, tehnika we dökün ýetmezçiliginden yzygiderli şikaýat edip geldiler.

Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky beýleki bir habarçysy 9-njy iýunda prezidentiň baryp gören ýeralma meýdanlarynyň bir gün öňünden, günüň ikinji ýarymynda suwlanyp, ýörite suw ulaglary bilen ýokary basyşda ýeralma ýapraklarynyň mazaly ýuwlandygyny habar berdiler.

Azatlyk Radiosynyň hökümete ýakyn ynamdar çeşmesi gizlinlik şertinde 8-nji iýunda prezidentiň welaýatlara edýän saparlarynyň netijeleri boýunça käbir etraplaryň we döwlet kärhanalarynyň birleşdirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny we munuň netijesinde welaýatlarda müňlerçe adama işini ýitirmek howpunyň abanýadygyny habar berdi.

Soňky hökümet maslahatyndan mälim bolşuna görä, iýun aýynyň dowamynda prezidentiň welaýatlara sapar etmegine we 3-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň alty aýyň jemleri boýunça giňeldilen uly mejlisini geçirmegine garaşylýar.

Prezidentiň welaýatlara edýän saparlary ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň, döwlet dükanlarynda wagtal-wagtal ýaramazlaşýan çörek we un üpjünçiliginiň fonunda, şeýle-de welaýatlarda galla oragyna girişilýän wagty amala aşyrylýar.

10-iýunda Azatlyk Radiosynyň çeşmesi çarşenbe güni prezidentiň Marydan soň, Daşoguz welaýatyna-da sapar etmegine garaşylýandygyny, munuň üçin Köneürgenç etrabynda býujet işgärleriniň prezidenti garşylamak dabarasy üçin çärä ýygnanandygyny, ýöne soňra çäräniň ýatyrylandygyny habar berdi. Azatlyk Radiosy bu çäräniň ýatyrylmagynyň mümkin bolan sebäplerini, galyberse-de prezidentiň bu welaýata meýilleşdirilen saparynyň ýatyrylyp-ýatyrylmandygyny öwrenmäge synanyşýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG