Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HJS Trampyň Owganystandaky uruş jenaýatlaryny derňeýänlere girizen sanksiýasyna “çuňňur gynanç” bildirdi


Halkara Jenaýat sudunyň Gagadaky binasyna gün düşýär. 6-njy fewral, 2020-nji ýyl. Gollandiýa.
Halkara Jenaýat sudunyň Gagadaky binasyna gün düşýär. 6-njy fewral, 2020-nji ýyl. Gollandiýa.

Halkara Jenaýat sudy (HJS) ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Owganystandaky söweş jenaýatlary diýilýänler boýunça amerikan goşunlaryny derňeýän resmilere garşy sanksiýa girizmek kararyny ret etdi.

Sud 11-nji iýunda ýaýradan beýanatynda Trampyň karary babatynda “çuňňur gynanç” beýan etdi.

HJS Trampyň bu ädimini “kanunyň hökmürowanlygyna we kazyýet işine gatyşmak üçin kabul ederliksiz synanyşyk” atlandyrdy.

Gagada ýerleşýän sud bu ädimleriň “kazyýetiň garaşsyz we obýektiw derňewleriniň hem-de adalatly kazyýet işleriniň fonunda Halkara Jenaýat sudunyň resmileriniň işine täsir etmek maksady bilen amala aşyrylandygyny” aýtdy.

“Şeýle-de, bu hereket wagşylygyň pidalarynyň bähbitlerine garşy edilýän hüjümi aňladýar, adalat üçin kazyýet olara iň soňky umytdy” diýip, beýanatda aýdylýar.

Ondan ozal, Tramp Halkara Jenaýat sudunyň Owganystandaky “söweş jenaýatlary” bilen baglanyşykly ABŞ goşunlaryny we aňtaw resmilerini derňemek işlerine gönüden-göni gatnaşýan işgärlerine ykdysady we syýahat çäklendirmelerini girizmäge ygtyýar berýän buýruga gol çekdi.

Tramp buýruga gol çekenden soň, döwlet sekretary Maýk Pompeo “kenguru kazyýeti” tarapyndan amerikanlara howp abandyrylmagyna Waşingtonyň ýol bermejekdigini aýtdy.

Baş prokuror William Barr “Russiýa ýaly daşary ýurt güýçlerini” “öz gün tertipleri ugrunda” kazyýeti manipulýasiýa etmekde aýyplady.

ABŞ jenaýatçylaryň adalatly sud edilmegine ýol berilmeýän ýerlerde uruş jenaýatlaryny, adamzada garşy edilen jenaýatlary we genosidi derňemek üçin 2002-nji ýylda Halkara Jenaýat sudunyň döredilmegine ýol açan rim şertnamasyna goşulmaýan onlarça ýurduň hataryndadyr.

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) daşary syýasat başlygy Josep Borrell Trampyň buýrugyna “çynlakaý alada” bildirdi we Bileleşigiň Halkara Jenaýat suduny “adalaty we parahatçylygy berkarar etmekde möhüm faktor” atlandyryp, ony “tutanýerli” goldaýandygy aýtdy.

“Birleşen Ştatlaryň çärelerinden örän biynjalyk” diýip, Gollandiýanyň daşary işler ministri Stef Blok Twitterde ýazdy. “Gollandiýa Halkara Jenaýat suduny doly goldaýar we mundan beýläk-de goldamaga dowam eder. Jenaýat jogapkärçiligine çekilmezlige garşy göreşde we kanunyň hökmürowanlygyny halkara derejede berkarar etmekde HJS möhüm ähmiýete eýedir” diýip, ol aýtdy.

Ynsan hukuklaryny goraýjy toparlar hem Tramp administrasiýasynyň bu kararyna gynanç bildirdi. Human Rights Watch (HRW) Waşington müdiri Andrea Prasow bu karar “kanunyň global hökmürowanlygynyň äsgerilmezligidir” diýdi.

“Halkara Jenaýat suduna edilen hüjüm isle Owganystandaky, Ysraýyldaky ýa-da Palestinadaky agyr jenaýatlaryň pidalaryna adalat ýoluny petiklemek synanyşygydyr” diýip, ol sözüne goşdy.

Ak tamyň metbugat sekretary Kaýleý MakEnani (Kayleigh McEnany) suduň hereketini “Amerikan halkynyň hukuklaryna garşy hüjüm hem-de milli özygtyýarlylygy bölmek ugrundaky wehim” atlandyrdy.

“Kazyýet Birleşen Ştatlaryň işgärlerini, şeýle-de, ýaranlarymyzyň we hyzmatdaşlarymyzyň işgärlerini nyşana alýan hem-de olara haýbat atýan netijesiz we hasabat bermeýän halkara býurokratiýa öwrüldi” diýip, ol beýanatynda aýtdy.

MakEnani suduň ABŞ-a we onuň hyzmatdaşlaryna, şol sanda Ysraýyla garşy syýasy matlaply derňewleriň yzyna düşýändigini hem-de HJS-ny duşman ýurtlaryň manipulýasiýa edýändigini öňe sürdi.

“Birleşen Ştatlarda Halkara Jenaýat sudunyň prokuratura edarasynyň ýokary derejelerinde korrupsiýanyň we bidüzgünçilikleriň bardygyna ynanmaga güýçli esas bar we bu olaryň amerikan gullukçylary boýunça geçirýän derňewleriniň halaldygy babatynda sorag döredýär” diýip, Ak tamyň metbugat sekretary aýtdy.

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu ABŞ-nyň bu ädimini makullady we Halkara Jenaýat sudunyň “syýasylaşandygyny hem-de onuň Ysraýyla we Birleşen Ştatlara, şeýle-de beýleki demokratik ýurtlara garşy arwah awyny alyp barmaga ürç edýändigini” aýtdy.

Bu aralykda, kazyýet “dünýäde adam hukuklaryny iň erbet depeleýänlere, şol sanda Eýrana göz ýumýar” diýip, ol metbugat ýygnagynda aýtdy.

Trampyň buýrugy döwlet sekretaryna maliýe ministrligi bilen geňeşip, kazyýetiň ABŞ harbylaryny derňemek, gorkuzmak we saklamak bilen gönüden-göni meşgul bolýan işgärleriniň, ABŞ kanunçylygyna laýyklykda, maliýe amallaryny petiklemäge ygtyýar berýär.

Şeýle-de, derňewe gatnaşýan kazyýet resmileriniň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň Birleşen Ştatlara girmegine rugsat berilmez.

Tramp administrasiýasy onsuzam geçen ýyl HJS işgärlerine garşy syýahat çäklendirmelerini we beýleki sanksiýalary girizdi.

2017-nji ýylyň noýabrynda HSJ-nyň prokurory Fatou Bensouda kazylardan 2003-nji ýylyň maý aýyndan bäri Owganystanda uruş jenaýatlary we adamzada garşy edilen jenaýatlar diýilýänler boýunça derňew işini gozgamagy sorady.

Ýöne 2019-njy ýylyň aprelinde Halkara Jenaýat sudunyň deslapky palatasy derňewi “adalatyň bähbidine däl” diýip, ret etdi.

Şu ýylyň mart aýynda Halkara Jenaýat sudunyň Arz-şikaýatlar boýunça bölümi derňewe girişmek babatynda karar kabul etdi. Şonda bu karary Pompeo “biperwaýçylyk” häsiýetlendirdi.

Owganystan rim ylalaşygyna gol çekdi, ýöne owgan resmileri derňewe garşylyk bildirýär.

2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Birleşen Ştatlara edilen hüjümden soň ABŞ we beýleki daşary ýurt güýçleri Owganystana girdi hem-de “Talyban” hökümetini agdardy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG