Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusda prezidentlige dalaşgär boljak adam salgytdan gaçmakda nyşana alynýar


Wiktor Babarika

Belarusyň maliýe derňewçileri awgust aýynda geçiriljek saýlawlarda prezident Aleksandr Lukaşenka garşy çykmak isleýän oppozisiýa syýasatçysynyň bikanun işlere gatnaşýandygyna "ynandyryjy subutnamalaryň" bardygyny öňe sürýärler.

12-nji iýunda yglan edilen habar derňewçiler Wiktor Babarika bilen baglanyşykly kompaniýalara we banka reýd geçirenden bir gün soň çykdy. Geljekki kandidat salgyt tölemekden gaçmak we pul ýuwmak bilen baglanyşykly iki sany aýry jenaýat işi bilen baglanyşdyrylýar.

Prezidentiň metbugat gullugy Belgazprombankda 15 töweregi adamyň tussag edilendigini aýdýar.

Babarika, prezidentlige dalaşgärlige başlamazdan ozal, Russiýanyň "Gazprombankynyň” ýerli bölümi "Belgazprombanka"ýolbaşçylyk etdi.

Babarika bu reýdleri 9-njy awgustda geçiriljek ses berişligiň öňüsyrasynda ulanylýan "basyş" taktikasy diýip atlandyrdy.

Ol "häzirki ýolbaşçylaryň wekilleri adalatly saýlawlaryň öňüni almak üçin islendik serişdäni ulanmaga taýýar" diýdi.

Öňki sowet respublikasyny 1994-nji ýyldan bäri dolandyran we altynjy möhlete dalaş edýän Lukaşenka "hiç kimden gorkmaýandygyny" aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG