Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Youtube kanalynda çap edilen wideoda türkmen obalaryny suw basandygy aýdylýar


Suw basan oba

Türkmenistanyň oba hojalyk ministriniň ozalky orunbasary Saparmyrat Yklymowyň youtube kanalynda çap eden gysgajyk wideosýužetinde suw basan oba görkezilýär, türkmençe gürleýän adamlaryň sesleri eşidilýär.

Wideonyň aşagyndaky ýazga görä, bu waka Lebap welaýatynyň Kerki etrabynda ýerleşýän Garametnyýaz we Niçka obalarynda bolup, obalar Garagum kanalynyň joşmagy netijesinde suw astynda galypdyr.

Ýöne wakanyň haçan bolandygy, suw joşmasyndan çekilen zyýan barada anyk maglumat elýeterli däl.

Türkmenistanyň resmi habar serişdeleri, hökümeti tebigy hadysalar, adam ýitgileri, maddy ýitgiler hakynda maglumat bermeýär.

Azatlyk radiosy bu maglumaty başga, garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklap bilmedi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG