Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan ýene çäklendirmeleri we dezinfeksiýany güýçlendirýär, emma COVID-19 boýun almaýar


Aşgabadyň keselhanasy (arhiw suraty)
Aşgabadyň keselhanasy (arhiw suraty)

Aşgabadyň ýokanç keseller hassahanasynda berk karantin saklanýar, işgärlere daşyna çykmaga rugsat berilmeýär, näsaglaryň yzyndan barýanlar keselhananyň içine goýberilmeýär. Azatlygyň habarçylary bu ýerde ýiti pnewmoniýa diagnozly azyndan 245 adamyň saklanýandygyny, bu kesel sebäpli näsaglaryň arasynda ýogalanlaryň bardygyny habar berýärler.

"Häzirki wagtda Aşgabadyň ýokanç keseller hassahanasynda ýiti pnewmoniýa bilen kesellän 245 adam bar, 2 adam öldi, 5 adam reanimasiýada. Lukmanlara we şepagat uýalaryna çykmaga rugsat berilmeýär" -diýip, habarçymyz 17-nji iýunda habar berdi.

Keselçilik barada maglumatlar Türkmenabatdan hem gelýär. Lebap welaýatyndaky habarçylarymyz koronawirus bilen täze kesellänler barada habar bermegini dowam etdirýärler.

"Türkmenabatda 82 ýaşly ýene bir aýalda koronawirusyň bardygy anyklandy. Ol Darganata etrabyndan" - diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 17-nji iýunda aýtdy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň hassahanalarynda ýiti pnewmoniýanyň alamatlary we dem alyş problemalary bolan näsaglaryň sany öň görlüp-eşidilmedik derejede köpeldi, munuň bilen bir wagtda lukmanlar üzňelige salynýar. Tiz kömek gulluklary çakylyklaryň köpdügi sebäpli ýetişiksiz güne düşýär.

Häkimiýetler ýurtda koronawirusyň ýokdugyny öňe sürýärler, emma lukmanlar häzir möwç alan pnewmoniýanyň COVID-19 keselinden başga zat däldigine ynanýarlar.

Azatlyk soňky hepdelerde azyndan 4 näsagyň, olaryň üçüsi Aşgabatda, biri Türkmenabatda, şeýle-de Balkanabatda bir lukmanyň COVID-19 ýokaşmagy zerarly ýogalandygy barada jikme-jik maglumatlary anyklady.

Ýurduň ýolbaşçylarynyň ýurtda koronawirusyň ýokdugyny aýdan hem bolsalar, şu günler çäklendirmeler ýene-de güýçlendirilýär we dezinfeksiýa çäreleri görülýär.

Paýtagtyň "Köpetdag" stadiony we onuň golaýyndaky ýerler karantine ýapyldy. Sport klublarynyň sapaklary we sportsmenleriň türgenleşikleri bes edildi.

Tomusky saglyk öýlerinde dynç alýan çagalaryň yzyndan barmagyna çäklendirme girizildi.

"Şu gün öýlän, Gökderä, çagalar saglyk merkezine oglumy görmäge gitdim. Teke bazardan 45-nji awtobus Teke bazary we Gökdere arasynda gatnaýar. Polisiýa barlag nokadyna ýakynlaşanda bir polisiýa işgäri ähli ýolagçylary hökümli äheňde awtobusdan düşürdi. Çagalary baryp görmegiň gadagan edilendigini, diňe çagalary almak isleýänlere barmaga rugsat berlendigini aýtdy. Ol munuň koronawirus pandemiýasy sebäplidigini aýtdy" diýip, bir aşgabatly ýaşaýjy habarçymyza aýtdy.

Häzirki wagtda paýtagtyň býujet işgärleriniň köpçülikleýin saglyk barlagyndan geçmegi dowam etdirýär. Döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary öz işgärlerine saglyk barlagyndan geçmek üçin diňe iki gün möhletiň berilýändigini duýdurypdyr.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylarynyň sözlerine görä, Marynyň hassahanalarynda hem çäklendirmeler girizilip, dezinfeksiýa çäreleri güýçlendirilipdir.

16-njy iýunda garaşsyz neşir “turkmen.news” Lebap welaýatynyň döwlet edaralaryna Saglygy goraýyş ministrliginden tabşyryk gelip, işgärleriň iş ýerlerinde maskaly bolmagyň talap edilendigini habar berdi. Munuň häzir ýurtda tutaşan keselçilik bilen näderejede baglydygy belli däl.

Azatlyk Radiosy, Türkmenistanyň Saglyk ministrliginden resmi düşündiriş alyp bilmedi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we döwlet habar beriş serişdeleri ýurtda pnewmoniýanyň ýaýramagy bilen baglanyşykly häzirki ýagdaýy agzamaýarlar. Garaşsyz habar çeşmeleriniň berýän maglumatlaryny kommentirlemeýärler. Mundan başga-da, ýurt ilatynyň saglyk ýagdaýyny görkezýän resmi statistikany çap etmeýärler.

Azatlyk Radiosynyň hökümete ýakyn çeşmesiniň, Türkmenistanyň häkimiýetleriniň ýurtda COVID-19 keseli bilen bagly hadysalary boýun almaga taýýarlanýandygyny aýtdy. Bu maglumatlary Türkmenistanyň häkimiýetlerinden resmi taýdan tassyklatmak mümkin däl.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

XS
SM
MD
LG