Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml Putini koronawirusdan goramak üçin dezinfeksiýa tunellerini gurdy


Penzada bir ýerli önümçilik kärhanasy tarapyndan öndürilýän dezinfeksiýa enjamy
Penzada bir ýerli önümçilik kärhanasy tarapyndan öndürilýän dezinfeksiýa enjamy

Metbugat habarlaryna görä, Kreml prezident Wladimir Putine koronawirus ýokaşmagynyň öňüni almak tagallalarynyň çäginde ýörite dezinfeksiýa tunellerini gurdy.

16-njy iýunda “RIA-Nowosti” döwlet habarlar agentligi Penzada bir kärhana tarapyndan öndürilýän enjamlaryň Putiniň Moskwanyň çetinde, Nowa-Ogarýowada ýerleşýän rezidensiýasyna gurnalandygyny habar berdi.

Bu aralykda, “Associated Press” Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskowa salgylanyp, şeýle enjamlaryň biriniň prezidentiň öýüne, ýene-de ikisiniň Kremle oturdylandygyny habar berdi.

“Döwlet baştutanyna gezek gelse, goşmaça öňüni alyş çäreleri esaslydyr” diýip, Peskowyň aýdan sözleri AP-de getirildi.

Ol tunelleriň koronawirus Russiýada “giňden ýaýraýan wagty” gurlandygyny aýtdy.

Dezinfeksiýa ediji enjamyň wideosy ilki Penza regionynyň resmi web-saýtynda peýda boldy, soňra AÝ/AR we beýleki habar serişdelerine gowuşdy.

Bu enjam aeroportlardaky howpsuzlyk skrinerine meňzeýär we içinden geçýän adamlara ownuk damjaly anriseptik sepýär.

XS
SM
MD
LG