Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Baltik döwletleri Molotow-Ribbentrop Pakty boýunça Russiýanyň taryhy rewizionizmine protest bildirdi


SSSR-iň daşary işler ministri Wýaçeslaw Molotow (çepde) we Germaniýanyň daşary işler ministri Joachim von Ribbentrop. Berlin, Germaniýa. 14-nji noýabr, 1940 ý.

Estoniýa, Latwiýa we Litwa Russiýanyň 1939-njy ýylda Sowet Soýuzy bilen nasistik Germaniýanyň arasynda hüjüm etmezlik baradaky baglaşylan pakt boýunça taryhy faktlary ýoýýandygyny aýdyp, muňa protest bildirdiler. Bu paktyň netijesinde gürrüňi gidýän Baltik döwletleriniň Moskwa tarapyndan anneksiýa edilmegine getiripdi.

Molotow-Ribbentrop Pakty diýlip bilinýän bu dokument we onuň gizlin protokollary Merkezi we Gündogar Ýewropa ýurtlaryny nasistleriň we sowetleriň täsirlerine laýyklykda böldi.

Bu üç Baltik döwletiniň Daşary işler ministrlikleri 18-nji iýunda rus ilçilerini we wekillerini çagyryp, Russiýanyň döwlet Dumasynda hödürlenen, taryhy rewizionizm, ýagny taryha gaýtadan seretmek baradaky başlangyçlaryna alada bildirdiler.

Eger-de kanun taslama kabul edilse, onda Sowet Soýuzynyň Ýokary Geňeşiniň nasistik Germaniýa we Sowet Soýuzy tarapyndan hüjüm etmezlik baradaky pakty ýazgaryp, 1989-njy ýylyň 24-nji dekabrynda kabul eden rezolýusiýasy ýatyrylar.

Molotow-Ribbentrop Paktyna laýyklykda, nasistik Germaniýa we Sowet Soýuzy Polşa hüjüm edip, ony bölüşipdiler.

Pakt 1940-njy ýylda üç Baltik döwletiniň sowetler tarapyndan okkupasiýa we anneksiýa edilmegine hem getirdi. Bu ýurtlar garaşsyzlygyna diňe 1991-nji ýylda, haçanda Sowet Soýuzy darganda eýe boldular.

Rus prezidenti Wladimir Putin 18-nji iýunda düýbi ABŞ-da ýerleşýän Milli Bähbit (National Interest) žurnalynda çap eden giň gerimli makalasynda Ikinji Jahan urşunyň başky döwürlerinde Sowet Soýuzynyň nasistik Germaniýa bilen hyzmatdaşlyk edendigi baradaky tankytlary ret etdi.

“Polşanyň başdan geçiren betbagtçylygy dolulygyna polýak liderleriniň jogapkärçiligidir. Olar Britaniýanyň, Fransiýanyň we Sowet Soýuzynyň arasynda harby ýaranlygyň döredilmegine garşy çykdylar. Olar öz günbatarly hyzmatdaşlaryna bil baglady. Muny etmek bilen-de, olar öz halkyny Gitleriň weýran ediji ulagynyň astyna okladylar” diýip, Putin ýazdy.

Putin Günbatar güýçleriniň nasistik Germaniýa garşy harby ýaranlygy esaslandyrmakdan ýüz öwürenlerinden soňra, Sowet Soýuzynyň Molotow-Ribbentrop Paktyny baglaşmaga mejbur bolandygy baradaky Moskwanyň ozalky düşündirişlerini tekrarlady.

“Sowet Soýuzy Gitlere garşy koalisiýany döretmek ugrunda bar bolan mümkinçilikleriniň ählisini ulandy. Bu, men muny ýene nygtap aýdasym gelýär, Günbatar ýurtlarynyň iki taraply ylalaşyklaryna hem garamazdan edildi” diýip, Putin belledi.

Putin 2019-njy ýylyň sentýabrynda Ýewropa Bileleşiginiň, Molotow-Ribbentrop Paktynynyň 80 ýyllygyna gabatlap, kabul eden rezolýusiýasynyň üstünde hem durup geçdi.

Ýewropa Bileleşiginiň rezolýusiýasynda 1939-njy ýylda nasistik Germaniýasynyň we Sowet Soýuzynyň arasynda baglaşylan paktyň “Ikinji jahan urşunyň başlamagyna ýol açandygy” bellenilýär.

Putin Ýewropa Bileleşiginiň rezolýusiýasynda 1938-nji ýylda Mýunhende nasistik Germaniýasy bilen Britaniýanyň, Fransiýanyň we Italiýanyň arasynda baglaşylan ylalaşyk, munuň netijesinde Germaniýanyň soňraky Çehoslowakiýanyň günbataryndaky Sudetenland sebitini anneksiýa edendigi barada agzalmaýandygyny belledi.

Putin bu ylalaşygy “Mýunhen dönükligi” atlandyryp, munuň “kontinentde bar bolan formal we gowşak kepilnamalary hem ýok edendigini”, şeýle-de “özara ylalaşyklaryň netijesizligini görkezendigini” aýtdy.

“Mýunhen dönükligi öjükdiriji başlangyç bolmak bilen birlikde, ol Ýewropadaky turmaly uly urşy gutulgysyz hala getirdi” diýip, Putin nygtady. Putin Ýewropa syýasatçylaryny, hususan-da polýak liderlerini Mýunhen ylalaşygyny ýaşyrmak synanyşyklarynda aýyplady.

Sowet Soýuzynyň Molotow-Ribbentrop Paktyny ýazgarýan rezolýusiýasyny ýatyrmak baradaky kanun taslama döwlet Dumasyna 27-nji maýda hödürlendi.

Döwlet Dumasynyň Daşary gatnaşyklar boýunça komiteti 9-njy iýunda taslamany goldady.

15-nji iýunda Wilniusda üç Baltik döwletiniň daşary işler ministrleri Russiýada resmileriň taryhy rewizionizm boýunça çäreleri babatyndaky aladalaryny maslahat etmek üçin, rus ilçilerini bir wagtda çagyrmak barada ylalaşdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG