Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusda 100-den gowrak oppozisiýa goldawçysy tussag edildi, Lukaşenka 'rewolýusiýany' togtatdym diýýär


Belarus. Protestçiler diktaturanyň togtadylmagyna çagyrýar.
Belarus. Protestçiler diktaturanyň togtadylmagyna çagyrýar.

Belarusyň polisiýasy paýtagt Minskde we beýleki ýerlerde geçirilen oppozisiýa ýygnanyşyklarynda 100-den gowrak adamy tussag etdi. Prezident Aleksandr Lukaşenka oppozisiýa liderlerine we aktiwistlerine garşy edilýän basyşlaryň arasynda, şol sanda mümkin bolan prezidentlige kandidat tussag edilenden soň, öz hökümetiniň “rewolýusiýany” togtadandygyny aýtdy.

Adamlaryň 19-njy iýunda, saýlaw kandidatlary üçin guralan petisiýalara gol çekmegiň soňky gününde köçä çykmaklary soraldy. 9-njy awgustda geçiriljek saýlawlarda 65 ýaşly Lukaşanka hem altynjy möhlet üçin bäsleşige çykýar.

1994-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda bolan Lukaşenka, ekspertleriň sözlerine görä, islendik sosial uzaklaşdyryş çäresini ýa-da başga çäklendirmeleri girizmek baradaky çagyryşlary ret edeninden soň, ýurduň koronawirusy togtatmak üçin göreşýän wagtynda öz iň uly synaglary bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

19-njy iýunda Minskde polisiýa tussag etmek üçin herekete geçmezden öň birnäçe ýüz adam köçä çykyp, hatara düzüldi.

Polisiýa diňe bir oppozisiýa tarapdarlaryny däl, eýsem habar beriş serişdeleriniň agzalaryny, şol sanda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aleksandra Dynko we kameraçy Andreý Rabçygy hem tussag etdi.

Olar bolýan waka barda ýerinden göni habar berip duran pursatlarynda alnyp gidildi.

XS
SM
MD
LG