Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zyýanly hem peýdaly: pangolinler hem beýleki haýwanlar epidemiýa wagtynda


Nal şekilli ýarganatlar ukuda.
Nal şekilli ýarganatlar ukuda.

Täze dörän koronawirus bilen baglanyşykly, ýarganatlar barada köp zat aýdyp bolardy. Beýleki jandarlaryň bolsa, ol dertden gutulmagyň syrlaryny tapmaga kömek bermegi mümkin.

Lamalar mälim edilişine görä, örän seýrek antitela eýe bolup, ol adamlarda koronawirusa garşy immunitet döretmekde alymlara ýardam berip biler. Kinologlar itler bilen işleşip, olara COVID-19-y “ysgap tapmagy”, hatda bu keseliň alamatlary bolanlary-da aýan etmegi öwredýärler. Norkalar bolsa mälim bolmadyk sebäplere görä, pandemiýa wagtynda örän howply jandara öwrüldi.

Bu hem şuňa meňzeş haýwanlar adamlara kesel ýokaşdyryp biler, olaryň bize ony duýduryp, özleriniň kesele ýokuşmagy-da mümkin. Belki-de, olar dünýä boýunça barýan SARS-CoV-2 garşy göreşde ýardam ederler.

GELIP ÇYKYŞ

Ýarganatlar

Nal şekilli ýarganatlar
Nal şekilli ýarganatlar
Ýarganatlaryň barlag işlerine SARS (örän agyr dem alyş sindromy, oňa atipiki pnewmoniýa hem diýilýär) peýda bolandan soň, has güýçli üns berlip başlandy. SAPS epidemiýasy 2002 – 2003-njy ýyllarda öjügipdi.

Ýarganatlaryň bütin dünýäde 1400 çemesi görnüşi bar. Ol süýt emdirijileriň arasynda uçup bilýän ýeke-täk jandardyr. Geň tarapy, olara guduzlykdan başga hiç bir wirus keseli ýokuşmaýar. Ol bolsa örän howply bolup, ýarganatlar guduzlygy başgalara ýokuşdyryp bilýärler.

COVID-19 pandemiýasy alymlara nal şekilli ýarganatlar toparyna (Rhinolophus) başgaça garamagy mejbur etdi. Hut Günorta Hytaýdaky şeýle ýarganatlar atipiki pnewmoniýanynyň, indi bolsa täze koronawirusyň gözbaşy bolandyr diýlip çaklanýar.

Owal başda hytaý alymlary koronawirus hut şol ýarganatlardan başga jandarlara geçip, soňra-da adama ýokuşandyr diýen pikiri öňe sürdüler. Ýöne ondan öň hakykat ýüzünde nämeleriň bolup geçendigi, häzire çenli-de wraçlara belli däl. Alymlaryň köprägi täze koronawirusyň emeli däldigine ynanýarlar. Ýöne ol nädip adama geçip bilýär, Wuhandaky wiruslary öwreniji merkeziň laboratoriýasynda bir tötänlik ýüze çykypdyrmy ýa-da ol haýwanlaryň “öl bazaryndan” adama geçipmi – entek belli däl.

Pangolinler

Hytaýdaky gassap pangolini öldürmäge taýýarlanýar. Onuň eti halk medisinasynda peýdaly saýylýar.
Hytaýdaky gassap pangolini öldürmäge taýýarlanýar. Onuň eti halk medisinasynda peýdaly saýylýar.

Täze koronawirusyň adama ýokuşmagynda şübhe bildirilýän jandarlaryň arasynda pangolin hem bar. Bu çanakly haýwanjyk Gyzyl kitaba girizilipdi. Fewral aýynda Hytaýda epidemiýanyň iň güýçlenen döwründe, Guanžoudaky Oba hojalyk uniwersitetiniň alymlary metbugat konferensiýasynda çykyş edip, kontrabanda ýoly bilen awlanan pangolinlerde adama ýokuşan SARS-CoV-2 wirusynyň 99% genetik meňzeşligiň bardygyny aýtdylar. Ýöne birnäçe ylmy-barlag toparlary öz aralarynda habarsyz bolup, ol metbugat konferensiýasynda başga sanlary aýtdylar hem adam genomlary bilen 99% meňzeşligiň dogry däldigine mysallar getirdiler. Genomlaryň diňe 90,3% meňzeşliginiň bardygyny öňe sürdüler. Netijede, pangolinler infeksiýany ýaýradyjy çeşme diýlen pikir ahyryna ýetirilmedi.

Şeýle-de bolsa, häzirki wagtda-da pangolinlere wirusy özünde toplaýan hem keseli başgalara geçirýän jandar hökmünde garalýar. Şeýle-de bolsa, alymlar pangolinler wirusy ýaýradyjylar bolandyr diýen barlagy ynandyryjy derejede aýan edip bilmediler.

Pangolinleriň watany Günorta-Gündogar Aziýa bilen Afrika hasaplanýar. Onuň etini hem daşyndaky çanagyny satmak halkara derejesinde gadagan edilýär. Ýöne Hytaýda muňa häzire çenli-de göz ýumulýar. Hut şondan bolsa gerek, Wuhan şäheriniň resmileri olaryň wirus geçirijilerdigini aýtmakdan saklandylar. Ýogsa pangolinleriň hut COVID-19 epidemiýasy ýaýrandyr diýilýän bazarda satylandygyny boýun alyp bilerdiler.

Siwettalar

Siwettalary Guançžou bazaryndan aýyrýarlar. Bu 2004-nji ýyldaky SARS epidemiýasynyň ahyrynda bolupdy.
Siwettalary Guançžou bazaryndan aýyrýarlar. Bu 2004-nji ýyldaky SARS epidemiýasynyň ahyrynda bolupdy.

Siwettalar 2002-2003-nji ýyllarda ýaýran SAPS epidemiýasy bilen baglanyşykly dile düşdi. Şol döwürde hut şol jandar ýarganatlardan ol wirusy adama geçirendir diýildi.

Gijelerine jeňňellikde gezýän ol kiçijik ýyrtyjy Hytaýyň ‘öl bazarlaryna’ häli-şindi düşüp durýar. Alymlaryň çaklamalaryna görä, hut olar SARS wirusyny ýarganatdan adama geçiripdirler. Bu hem Wuhanyň sebitindäki Ýunnan welaýatynda bolupdy. Onuň ýabany haýwanlaryň satylýan bazarynda ýaýran bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

Käbir palma siwettalary koronawirusy göterijiler hasaplanýar. 2003-nji ýylyň SAPS wirusynyň iň öjügen wagtynda 8000 adam keselläpdi. Ýöne atipiki pnewmoniýany hut şol jandar ýaýratdymy ýa-da däl; entek gutarnykly netijä gelinmedi.

TÄZE ŞÜBHE DÖREDÝÄNLER

ABŞ-daky Keselçilige kontrollyk hem profilaktika Merkezi «häzirki wagtda ylmy maglumatlar ýeterlik bolmasa-da, COVID-19 wirusynyň haýwandan adama geçendigi baradaky ähtimallyk örän pes hasaplanýar» diýdi.

Hakykatdan-da, muny düýpli barlamak mümkinçiligi ylmyň etikasyna degişli, oňa doly amal etmek bolsa mümkin däl. Ýöne aýry-aýry jandarlar – pişikler, ýarganatlar, horkiler hem homýaklar eksperiment hökmünde koronawirus ýokaşdyrylanda, olar muny öz ýakynlaryna geçirmek ukybynyň bardygyny görkezdiler.

Haýwanlar nähili-de bolsa, wirusy adama geçirýäne meňzeýär.

Norkalar

Niderlandiýadaky fermada bedeni zäherlenen norkalary aýyrýarlar. 2020-nji ýylyň 9-njy iýuny.
Niderlandiýadaky fermada bedeni zäherlenen norkalary aýyrýarlar. 2020-nji ýylyň 9-njy iýuny.

Geçen ýylyň aýagynda koronawirusyň norkadan adama geçendigi tassyk edilen ýeke-täk hadysa hasaba alyndy.

Niderlandiýadaky norka ýetişdirilýän fermada azyndan iki adam bu haýwandan özüne COVID-19 ýokaşdyrdy. Ondan soň bu wirus takmynan aprel aýynyň aýagynda norkalara adamdan geçensoň, Niderlandiýanyň fermerleri on müňlerçe norkany ýoklamaly boldular. Ýogsam bolmasa ABŞ-daky Keselçilige kontrollyk hem profilaktika Merkezi bilen Bütindünýä Saglyk Guramasy (BSG) wirus haýwandan adama geçmeýär diýdiler.

Häzirki wagtda norkalaryň beýleki jandarlardan wirus alyp biljekdigini Niderlandiýanyň hökümetleri öwrenýär.

«Häzirki günde Gollandiýadaky norka ýetişdirýän 130 fermadan 12 sanysynda diýen ýaly kesel ýaýrady. Fermadaky haýwanlar aýry-aýry gözenekde ýaşasalar-da, COVID-19 aralaşan badyna, wirus edil ýangyn ýaly bolup ýaýraýar» diýip, 9-njy iýunda Science žurnaly ýazdy. Şondan soň gollandiýalylar norkalary köpçülikleýin öldürip başladylar.

TÄZE KESEL GÖTERIJILER

SARS-CoV-2 we oňa ýakyn bolan koronawirusdan adamlar habarsyz wagtynda, ony başga haýwanlar göterýän eken.

Laboratoriýa barlaglary şertlerinde ýarganatlardan başga-da makakalar, itler, pişikler, uly pişik, ýagny gaplaňlar, towşanlar, homýaklar, horkiler hem maýmynlar ol wirusa ýokuşýarlar.

National Geographic žurnalynyň ýazmagyna görä, Demirgazyk Karolina uniwersitetinden wirusolog Ralf Barik: «Koronawirus Hytaýyň çäginden çykyp dünýä ýaýranda, ony düýpden täze ýaýradyjylar bolmaly» diýdi.

Pişikler

Epidemiýa wagtynda Stambuldaky öýsüz pişiklere wolonterler garaşyk edýärler.
Epidemiýa wagtynda Stambuldaky öýsüz pişiklere wolonterler garaşyk edýärler.

Koronawirusyň mundan öňki dürli epidemiýa döreden döwrüniň tejribesinden mälim bolşuna görä, alymlar pişikleriň hem beýleki öý haýwanlarynyň wirus alyp biljekdigini öwrendiler. Ýöne infeksiýa keselleri boýunça bilermenleriň kesgitlemegine görä, ol haýwanlardan COVID-19 wirusynyň adama geçmegi onçakly ýokary bolmaly däl.

Eger adam COVID-19 bilen keselli bolsa, pişikler hem beýleki öý haýwanlary wirusy öz tüýleri bilen ýaýradyp bilerler. Ýöne ol haýwanlaryň tüýünden adama wirus ýokuşandygy entek subut edilenok. Adamyň kesellemegi üçin, wirusyň näçe böleginiň ýokuşmalydygy-da entek belli däl.

Mart aýynda Belgiýanyň weterinarlary öý pişiginden adama wirus ýokaşan ilkinji hadysany tassykladylar. Hojaýyny kesellemezden takmynan bir hepde öň onuň pişiginde koronawirusa meňzeş alamatlar peýda bolupdyr. Jandary iki hepden soň bejermek başardypdyr.

Şuňa meňzeş hadysa Hoň Koňda, soňra başga ýurtlarda hasaba alyndy.

BSG pişikleriň hem horkileriň COVID-19 wirusyny diňe öz tohumdaşlarynyň arasynda ýaýradyp biljekdigini tassyklaýar. Ýöne BSG koronawirus infeksiýasy bilen kesellänlere öý haýwanlaryndan daş durmagy maslahat berýär.

Uly pişikler – gaplaňlar

Bronks zooparkyndaky ene gaplaň – Nadýa. Ol COVID-19 ýokuşan gaplaňlardan biri.
Bronks zooparkyndaky ene gaplaň – Nadýa. Ol COVID-19 ýokuşan gaplaňlardan biri.

Aprel aýynda Nýu Ýorkdaky Bronks zooparkynda gaplaňlar keselledi. Soňra aýan edilse, üç gaplaňa COVID-19 ýokuşypdyr. Olara wirus zooparkyň işgärlerinden ýokuşandyr diýlip çaklanylýar. Ondan öň gaplaňlaryň COVID-19 wirusy bilen keselläni belli däldi. Diňe olar öljek wagtynda, şol keseliň bardygyny bildiler.

Itler

Şpisler – ak gürjüler Aziýada örän ýörgünli.
Şpisler – ak gürjüler Aziýada örän ýörgünli.

Fewral aýynda Hoň Koňda 17 ýaşly şpise koronawirus infeksiýasyna ýolukdy. Ol koronawirusa ýolugan keselliniň öýündäki it eken. Bäş gezek barlag geçirilende, gowşak, ýöne “oňyn netije” beripdir. Şol wagtyň özünde ol itiň ganynda antitela ýüze çykmandyr, ýagny täze infeksiýa garşy immunitet döremändir. Ol birnäçe gün karantinde saklanyp, eýesine gowşurylandan soň, 16-njy martda ölüpdir.

Itiň hojaýyny ony kesip öwrenmäge rugsat bermändir. Şonuň üçinem ak gürjiniň ölüminiň takyk sebäbi belli däl.

Düýeler

Müsüriň mal bazary
Müsüriň mal bazary

Düýeleriň MERS (Ýakyn Gündogar respirator sindromy) infeksiýasyny ýaýradyjydygy öňden mälim. Onuň belli edilen wagty 2012-nji ýylyň epidemiýasynda, ol keselden 866 adam ölüpdi.

MERS infeksiýasy häzir hem adamlara ýokuşyp dur, her ýylda onuň bilen ýüzlerçe adam keselleýär, bu aýratynam Arap ýarymadasynda ýüze çykýar. Ol kesele ýoluganlaryň köprägi düýe etinden ýa-da süýdünden keselleýär.

Düýelere MERS wirusy Müsürde bolýan hem gabyr jaýlarynda ýaşaýan kiçijik ýarganatlardan geçýändir diýilýär. Ol görnüşli ýarganatlar Ýakyn Gündogarda, Afrikada hem Pakistanda bolýar. Ýöne MERS wirusynyň hut ýarganat arkaly düýelere geçýändigini alymlar entek takyk bilenoklar.

Düýelere täze koronawirusyň ýokuşandygy barada entek maglumat hasaba alynmady.

BEJERGI WE WAKSINALAR

Lamalar

Argentinadaky bu lamalarda eýýäm SARS-CoV-2 garşy immunitet bar.
Argentinadaky bu lamalarda eýýäm SARS-CoV-2 garşy immunitet bar.

Belgiýadaky Uinter (‘Gyş’) lakamly lama koronawirusa garşy durmakda kömek berjek, hatda COVID-19 wirusyny bejermäge ýardam etmegi mümkin.

Has öňräkden bäri belli bolşuna görä, lamada emele gelýän antitela SARS we MERS wiruslaryna, hatda SPID bilen gripp dümewine garşy durmaga ukyply. Maý aýynda ABŞ-yň hem Belgiýanyň alymlary lamada bolan ol mümkinçiligi COVID-19 wirusyna garşy ulanmagy maksat edindiler.

Lamada wirusa garşy iki dürli antitela bar. Olar pyntyk şekilli beloklar hem S-proteini bilen baglanyşmaga ukyply, onuň kömegi bilen koronawirus öýjüge “ýelmeşýär” hem ony neýtrallaşdyrýar.

«Bu häzire çenli koronawirusy neýtarllaşdyryp, ýagny güýçden düşürip biljek ilkinji mälim bolan antitela» diýip, lamadaky adaty bolmadyk immuniteti öwreniji, Tehsas ştatyndaky Ostina uniwersitetiniň mikrobiologiýa professory Jeýson MakLellan hasap edýär.

ABŞ-yň milli saglyk instituty we beýleki ençeme ylmy merkezler bu barlagyň geljeginiň netijeli boljakdygyny çaklaýarlar.

Gurçuklar

Deňiz gurçugy
Deňiz gurçugy

Fransiýanyň alymlary COVID-19 bilen agyr ýagdaýda ýatan keselliniň janyny halas etmekde, deňiz gurçuklarynyň ganyny öwrenýärler. Onuň kliniki barlagyny geçirmek üçin, Fransiýada iki keselhana degişlilikde rugsat alyp bildi.

Deňiz gurçugynyň gany adama berlende, gandaky kislorodyň derejesi ýokarlanar diýlip çak edilýär. Ýagyş gurçuklaryndan tapawutlylykda, deňiz gurçugynyň ganynda aýratyn serişde bolup, olar köp wagtlap dem almazdan ýaşap bilýärler.

Barlagçylar munuň «adaty bolmadyk metoddygyny, synaglaryň entek başlangyç etapda» barýandygyny aýratyn nygtaýarlar.

LABORATORIÝA JANDARLARY

Aslynda dermanlaryň ählisi adamda synag geçirmezden öňürti haýwanlarda barlanýar. Dünýäde COVID-19 wirusyna garşy waksina taýýarlamak ugrunda bäsleşik gidýän wagtynda, şeýle laboratoriýa barlaglary örän möhüm bolup durýar.

Syçanlar

Syçanlar gaty öňden bäri synag jandary hökmünde ulanylýar. Sebäbi olara kesel ýokuşdyrmak aňsat hem saklamak arzan düşýär. Syçanlarda geçirilen barlaglar arkaly alymlar koronawirusyň adamyň nerwi sistemasyny nähili zaýalaýandygyny, ol keseliň organizme nähili ýaýraýandygyny, olardan haýsy organlaryň zaýalanýandygy hem umumylykda adam patogenine ýetirýän täsirini öwrenýärler.

Maýmynlar hem horkalar

Horkalar hem maýmynlar laboratoriýalarda eksperiment hökmünde peýdalanylýar. Olar eýýäm COVID-19 wirusyna garşy waksinalar taýýarlanylanda, möhüm synagçy boldular.

KESELI AÝAN ETMEK

Itler

Itler hem pişikler aýratyn ys alyş ukyby bilen adamda bolan birnäçe keselleri bilýär, şol sanda COVID-19 wirusyny hem aýan eder diýen umyt bar. Koronawirusy barlap biljek şeýle haýwanlary ýetişdirmek üçin, Beýik Britaniýada, Germaniýada, Finlandiýada hem Fransiýada iş alyp barýarlar.

XS
SM
MD
LG