Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ABŞ-nyň ilçihanasynyň COVID-19 baradaky duýduryşy "galp" atlandyrdy


Saglyk merkezi, Aşgabat

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Amerikanyň diplomatik missiýasynyň Aşgabatdaky hereketleri ters netijeli häsiýetine eýe diýip yglan etdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web sahypasynda metbugat üçin çap edilen beýanatda aýdylýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň bu reaksiýasy 23-nji iýunda ABŞ-nyň ilçihanasynyň web sahypasynda amerikan raýatlary üçin çap edilen duýduryşdan soň peýda boldy, onda ABŞ-nyň raýatlaryna COVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almak üçin fiziki aralygy saklamak we zerur bolan ýagdaýynda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny çäklendirmek ýa-da azaltmak ýaly çäreleri Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkeziniň (CDC) rekomendasiýalaryna laýyklykda görmek maslahat berilýär.

"Türkmenistanda COVID-19 bilen kesellänleriň tassyklanan ýagdaýlary barada resmi habarlar bolmasa-da, ABŞ-nyň ilçihanasy COVID-19 mahsus alamatlary bolan ýerli raýatlaryň COVID-19 boýunça synag edilýändigi we on dört güne çenli ýokanç keseller hassahanalarynda karantine salynýandygy barada habar aldy" diýlip, ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň web sahypasynda çap edilen maglumatda aýdylýar.

Diplomatik missiýa ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ABŞ-nyň raýatlarynyň we wekilhanalarynyň işgärleriniň saglygyny we howpsuzlygyny goramaga borçlydygyny aýdýar we keseliň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, sosial aralyk çärelerini güýçlendirendigini, jaýlarda maskalary geýmek syýasatyny girizýändigini we mundan beýläk habar berilýänçä distansion iş tertibinde işlejekdigini habar berýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 2020-nji ýylyň 23-nji iýunynda çap eden beýanatynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi web sahypasyndaky maglumatda Türkmenistanda koronawirusyň ýaýramagyna garşy çareler barada ýoýulan habar bar diýip hasap edýär.

"Hususan-da, täze görnüşli infeksiýanyň döredýän keseliniň alamatlary bolan raýatlaryň synag edilip, şertlere gözegçilik edilmezden, belli bir wagta çenli hökmany karantine iberilip bilinjekdigi öňe sürülýär. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bu hili informasion "galplyklaryň" esassyzdygyny we obýektiw däldigini belleýär. "Bu meselede ministrligiň resmi wekilleri ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisine ikitaraplaýyn we tassyklanmadyk maglumatlary ýaýratmagyň ýol berilmejekdigi barada birnäçe gezek habar berdiler" diýlip, Türkmenistanyň DIM-niň beýanatynda aýdylýar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň ýurtdaky diplomatik korpuslar we daşary ýurtly žurnalistler üçin ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça görýän çäreler barada yzygiderli tematiki brifingleriň geçirilýändigini habar berdi we "gynansagam, amerikan tarapy, çakylyklara garamazdan, beýle ýygnaklara gatnaşmaýar" diýdi.

Türkmenistanda koronawirus barada resmi beýannama bilen diňe döwlet baştutany we ýurduň daşary işler ministri çykyş edýärler. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan gurnalýan brifinglerde we seminarlarda ýurtda COVID-19-nyň doly ýoklugy, şeýle hem ýurtda saglygy goraýyş ulgamynyň üstünlikli ösýändigi barada habar berilýär. Türkmen resmileri ýurduň koronawirus boýunça geçirýän barlaglarynyň tertibi, netijeleri we beýleki maglumatlary, şeýle hem ýurtda ilatyň saglyk ýagdaýyna degişli umumy statistikany bermeýärler.

Munuň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi iýulyň başynda BSG-nyň COVID-19 boýunça bilermenleriniň saparyna garaşýandygyny yglan etdi. COVID-19 boýunça halkara wekilleri ýurduň içindäki ýagdaýy öwrenmek üçin iki aýdan gowrak wagt bäri Türkmenistana barmamga synanyşýarlar.

Teswirleri gör

XS
SM
MD
LG