Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan COVID-19 boýunça howply ýurt hasaplanýar. Estoniýaly näsag ewakuasiýa edildi


Türkmenistan ýokanç kesselleriň öňüni almak üçin, G.Berdimuhamedowyň dermanlyk ösümlikler baradaky kitaplaryndan ugur alyp, köp ýüzärlik tütetdi.
Türkmenistan ýokanç kesselleriň öňüni almak üçin, G.Berdimuhamedowyň dermanlyk ösümlikler baradaky kitaplaryndan ugur alyp, köp ýüzärlik tütetdi.

"Deep knowledge" toparynyň reýtingine görä, Merkezi Aziýada bu kesel boýunça Gazagystan 71-nji, Gyrgyzystan 108-nji, Özbegistan 121-nji, Täjigistan 124-nji orunda bolup, iň pes dereje Türkmenistana, hamala, koronawirus ýokaşan hiç bir näsagyň hasaba alynmadyk ýurduna berildi.

"Rosbalt" neşiri Türkmenistanyň sebitde COVID-19 boýunça iň howly ýurt hasaplanandygyny habar berýär.

Neşiriň "Deep knowledge" toparynyň maglumatlaryna salgylanyp ýazmagyna görä, koronawirusdan azatdygyny aýdýan Türkmenistan Merkezi Aziýada täze görnüşli koronawirus babatynda iň howply ýurtlaryň biri bolup durýar.

Türkmen DIM-niň 5-nji iýundaky maglumatya görä, BMG-niň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite Wekili, BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy N.German, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy Ý.Panowa, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň Ýolbaşçysy N.Drozd dagy Türkmenistan tarapyndan ýiti ýokanç keselleriň öňüniň alynmagy boýunça alnyp barylýan hereketlere ýokary baha berdi.


Emma muňa garamazdan, rus metbugatynyň maglumatyna görä, Bütindünýä Saglyk guramasynyň başlygy Tedros Gebreýesus bu sebitde koronawirus ýokuşanlaryň tassyklanýan görkezijileriniň köpelendigini öňe sürýär.

"Deep knowledge" toparynyň reýtingine görä, Merkezi Aziýada bu kesel boýunça Gazagystan 71-nji, Gyrgyzystan 108-nji, Özbegistan 121-nji, Täjigistan 124-nji orunda bolup, iň pes dereje Türkmenistana, hamala, koronawirus ýokaşan hiç bir näsagyň hasaba alynmadyk ýurduna berildi.

Reýtingde iň soňky orun Liberiýa, Owganystan, Çad, Mali, Ruana we Günorta Sudan ýaly ýurtlara berildi.

"Deep knowledge" toparynyň maglumatlaryna görä, Şweýsariýa, Germaniýa, Ysraýyl, Singapur we Ýaponiýa, kornowirus pandemiýasy bilen baglylykda, iň amatly we howpsuz epidemologiýa şertlerine eýe bolan ýurtlar diýlip hasaplandy.

Reýting, ýagny ýurtlara beren dereje karantin çäreleriniň netijeliligi, gözegçilik, diagnostika we saglyk ulgamynyň taýýarlygy ýaly faktorlary nazarda tutmak esasynda düzüldi diýip, "Rosbalt" habar berýär.


Şu aralykda Estoniýanyň "Nordica" uçar kompaniýasynyň Türkmenistana bortunda saglyk işgärleriniň brigadasy ýerleşdirilen ýörite uçar iberip, bu ýurtda kesellän estoniýalyny ewakuasiýa etdi diýip, limon.ee neşiri elu24.ee neşirine salgylanyp habar berdi.

Ewakuasiýa edilen raýatyň Birleşen Arap Emirlikleriniň nebit kompaniýasynda işländigi we Merkezi Aziýa iş saparyna iberilendigi aýdylýar.

"Ol bir aý mundan öň näsaglap, doktora ýüz tutmaga mejbur boldy, onda ýokaşma bardygyny aýtdylar" diýip, saýt näsaga COVID-19-yň ýokaşandygyny ýa-da başga bir wirusyň ýokaşandygyny aýdyňlaşdyrman ýazýar.

"Türkmenistanyň Hronikasy" neşiriniň eston haraba serişdelerine salgylanyp ýazmagyna görä, eston raýatynyň ewakuasiýa edilmegi 43 müň ýewro çemesindäki serişdä düşüpdir we bu pul ýurduň DIM-niň hasabyna tölenipdir.

Şeýle-de neşir, uçardan alnan we çap edilen surata salgylanyp, eston raýatynyň Türkmenabatdaky uçar menzilinden alnyp gaýdylana meňzeýändigini belleýär.


Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistan koronowirus pandemiýasy ýaýrap başlanda, daşary ýurtlardan gelen uçarlary Aşgabatda gondurman, Türkmenabatdaky aeroporta ugratdy we bu sebitde daşary ýurtlardan gelen türkmenistanlylar we daşary ýurt raýatlary karantin astynda saklandy.

Emma synçylar Türkmenistanda heläkçilikli koronawirus meselesinde hem aýdyňlyk talaplarynyň ýerine ýetirilmändigini aýdyp, resmi Aşgabadyň hiç bir hadysanyň hasaba alynmandygy baradaky beýanatlaryna şübheli garaýarlar.

"Resmi maglumatlaryň aç-açanlygy we ygtybarlylygy krizisi ýeňip geçmek üçin zerur şert bolup durýar we hökümet jikme-jik we ygtybarly maglumatlary çap etmek babatynda jogapkärdir" diýip, ABŞ-nyň ÝHHG-däki iliçi Jeýms Gilmore 4-nji iýunda Wenada, guramanyň Hemişelik geňeşinde eden çykyşynda aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG