Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň dört etrap häkimine ‘berk käýinç’ yglan edildi


Prezident Gurbanguly Berdimuahemedow Lebap welaýatynda apreliň aýagynda turan güýçli apy-tupanyň netijesinde köp ekin meýdanlaryna hem zyýan ýetendigi barada hiç zat aýtmady.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň häkimi Esenow Annaguly Bozoglanowiçe, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň häkimi Maşaripow Jumanazar Allanazarowiçe, Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň häkimi Gylyjow Batyra we Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň häkimi Metkulyýew Hasan Jumakulyýewiçe ‘berk käýinç’ yglan etdi. Bu 23-nji iýunda Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynynyň dowamynda mälim edildi.

Resmi habarda gürrüňi gidýän etrap häkimlerine ‘wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin’ käýinjiň berlendigi, şeýle-de ‘ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek üçin soňky gezek duýduryşyň berlendigi’ aýdylýar.

Berdimuhamedow Lebabyň ekin meýdanlarynda bol hasylyň ösdürilip ýetişdirilendigine garamazdan, Farap, Çärjew, Döwletli etraplarynda guramaçylyk işleriniň pesdigine ünsi çekdi diýip, resmi habarda aýdylýar.

Şol bir wagtda, prezident Lebap welaýatynda apreliň aýagynda turan güýçli apy-tupanyň netijesinde köp ekin meýdanlaryna hem zyýan ýetendigi barada hiç zat aýtmady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG