Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BSG Türkmenistana iberýän missiýasynyň tassyklanandygyny aýdýar


Bütindünýä saglyk guramasynyň (BSG) nyşany

Azatlygyň ozal habar berşi ýaly, Türkmenistan şu wagta çenli özünde koronawirus ýokuşan adamyň bardygyny resmi taýdan tassyklamaýar. 

Ýapyk Türkmenistan ahyrynda, hökümetiň resmi taýdan ýokdugyny aýdýan koronawirus ýokaşmalaryna garşy ýaşyrynlyk astynda göreşýän wagtynda, Bütindünýä saglyk guramasynyň (BSG) bu ýurda iberýän missiýasyny tassyk etdi.

BSG-nyň metbugat sekretary Azatlyk Radiosyna Merkezi Aziýa döwletine uzak wagtlap gijikdirilen missiýanyň iýul aýynyň başynda amala aşyryljakdygyny aýtdy.

“Bu missiýa tassyklandy we BSG bilen türkmen hökümeti soňky hepdelerde ýurda barylmagy üçin maddy-tehniki kynçylyklary ýeňip geçmek meseleleriniň üstünde işledi” diýip, Saglyk guramasynyň wekili aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Bütindünýä saglyk guramasy bu missiýanyň wekilleriniň iýul aýynyň başynda ýurda barmagyna umyt edýär.

Mälim bolşy ýaly, koronawirus çäklendirmeleri sebäpli, häzir Aşgabada uçýan kommersiýa uçarlary gatnamaýar. Şu sebäpden Türkmenistan saglyk guramasynyň wekilleriniň ahyrynda ýurda gelip bilmekleri, ýagny syýahat üçin ýörite çäreleri görmegi teklip edipdir we BSG munuň üçin minnetdarlygyny bildirýär.

BSG maý aýynyň başynda, Aşgabatdan resmi çakylyk alyp bilmänsoň, Türkmenistana köp garaşylýan saparyny ýatyrmaga mejbur boldy.

Pandemiýanyň ilat arasynda ýaýramagynyň alamatlary bar bolsa-da, Türkmenistan COVID-19 hadysasy barada habar bermedi.

Şu wagta çenli ýurduň lukmanlaryna koronawirus barada gürlemäge rugsat berilmedi, ýüz maskalary gadagan edildi we ýaşaýjylar global pandemiýa barada gürleşendikleri üçin jezalandyryldy.

Ýagdaýy aç-açan ara alyp maslahatlaşmaga ygtyýar berilmedik lukmanlar şu hepde Azatlyk Radiosyna bu wirusyň "gözegçilik astyndan çykýandygyny", sebitleriň ählisinde diýen ýaly täze hadysalaryň, wirus ýokaşan adamlaryň hasaba alynýandygyny aýtdylar.

Şu aralykda häkimiýetler ýurduň çar tarapynda birnäçe karantin zolagyny döretdiler we, resmileriň "ýokanç keseller" diýip atlandyrýan zatlarynyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, beýleki zerur hasaplanan çäreleri gördüler.

Serhetler ýapyldy, ýaýradylýan listowkalar adamlary ady belli bolmadyk dem alyş kesellerinden hüşgär bolmaga çagyrdy we jemgyýetçilik binalarynda we awtobus duralgalarynda yzygiderli dezinfeksiýa çäreleri başlandy.

Awtoritar Türkmenistan garaşsyz metbugatyň ýa-da maglumat azatlygynyň düýpden bolmazlygy bilen tapawutlanýar we dünýäniň iň ýapyk ýurtlaryndan biri hasaplanýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG