Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BSG Türkmenistana COVID-19 boýunça maslahat berýär, ýurt resmileri ilatdan artykmaç geplemezligi talap edýär


Gyrgyzystan (illustrasiýa suraty)
Gyrgyzystan (illustrasiýa suraty)

BSG-niň bilermenleri Türkmenistana COVID-19 keseliniň ýaýramagyna gözegçilik etmek boýunça rekomendasiýalary hödürledi. Bu aralykda türkmen häkimiýetleri ilandan arassaçylygy berjaý etmegi, watanperwerligi, watana hem prezidente wepaly bolmagy we "artykmaç geplemezligi" talap edýärler.

BSG-niň iňňän howply kesele gözegçilik etmek boýunça rekomendasiýalary bilen tanyşmak çäresi 26-njy maýda BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynda wideo konferensiýa görnüşinde geçiripdir. Bu barada DIM-niň maglumatynda aýdylýar.

Bütindünýä saglyk guramasynyň (BSG) Ýewropadaky regional býurosynyň ekspertleri bilen onlaýn duşuşyga Türkmenistanyň Saglyk ministrliginiň wekilleri gatnaşypdyr.

Pandemiýa döwründe yssy howada ilatyň saglygyny goramak boýunça BSG-niň onlaýn maglumatlary, şeýle-de yssy möwsüme taýýarlyk görmek boýunça jikme-jik tehniki informasiýa gatnaşyjylaryň dykgatyna hödürlenipdir.

Türkmenistanyň häkimiýetleriniň ýurtda COVID-19 keseliniň düýpden ýokdugyny aýdýan wagtynda, ýurtda lukmanlaryň we adaty raýatlaryň bu keseli agzamagyna gadagançylyk saklanyp galýar. Habarçylarymyzyň soňky maglumatlaryna görä, üstesine indi koronawirusa mahsus simptomlary agzamak, şeýle-de bu simptomlary adamlaryň ölümi hakyndaky resminamalarda görkezmek hem gadagan edilýär.

Soňky günlerde häkimiýetler ilatdan watanperwerligi berjaý edip, "artykmaç geplemezligi" talap edip başladylar. ​

"Bäş gün bäri şäher bilim edarasy mekdepleriň müdirlerini we bilim boýunça ýolbaşçylaryny ýygnaýar. Her gezek sanitariýa-arassaçylyk kadalary berjaý etmelidigini, watanperwerlik görkezmegi, watana we Arkadaga wepaly bolmalydygyny ýatladýarlar. "Artykmaç geplemezligi" maslahat berýärler. Topar bolup üýşmezligi, kafe we restoranlara gitmezligi, azyk satyn almak üçin nobata durmazlygy talap edýärler" diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 23-nji maýda habar berdi.

Şol bir wagtda-da, Türkmenistanyň häkimiýetleri koronawirusyň dünýäde ýaýbaňlanmagyna degişli meseläni beýleki ýurtlar we halkara guramalary bilen maslahat etmegini dowam etdirýärler. 19-njy maýda ÝHHG we BSG Türkmenistanda koronawirusy anyklamagyň medisina usullaryny öwretmek boýunça seminar geçirdiler we koronawirusyň Türkmenistanyň sosial-ykdysady ýagdaýyna negatiw täsirinde çykmak boýunça gysga möhletleýin plany maslahat etdiler. 15-nji iýuna çenli işlenip düzülmegine garaşylýan bu plan saglyk hyzmatlarynyň hiliniň we elýeterliliginiň gowulandyrylmagyny, iş orunlary we telekeçileriň goldanmagyny göz öňünde tutýar.

BSG-niň bilermenleri bir aý mundan gowrak wagt mundan öň Türkmenistana baryp, ýurtda COVID-19 bilen bagly ýagdaýy öwrenmek planyny mälim edipdi. Emma sapar henizem başa barmady. Halkara bilermenleri şonda Türkmenistan ýaly koronawirusyň ýurtda bolmagyny ret eden Täjigistana hem barjagyny aýdypdy. Täjigistana sapar dessine başa bardy, bu ýurt kesellänleri hasaba alyp başlady we gysga wagtda Merkezi Aziýada koronawirusdan ölenleriň sany boýunça birinji ýere çykdy. Täjigistanyň resmi sanlaryna görä, 27-nji maýda ýurtda COVID-19 bilen 3266 adam hasaba alnypdyr, 47 adam ýogalypdyr.

Türkmenistanda soňky günlerde ilatyň hereket etmek mümkinçilikleri hasam çäklendirildi. Koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça çäreleriň çäginde ilatyň paýtagta barmagyny we welaýatlaryň, etraplaryň arasyndaky gatnawyny çäklendirýän, tutuş ýaşaýyş punktlary ýapýan hökümet köpçülikleýin çäreleri we köp adamyň gatnaşmagyndaky baýramçylyklary geçirmegini dowam etdirýär.

26-njy maýda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow indiki baýramçylyklar mynasybetli planlaşdyrylan ähli çäreleri geçirmegi talap etdi. Onuň tabşyrmagyna görä, olaryň ählisi ýokary derejede guramalaşdyrylmaly. Bu barada Türkmen döwlet habarlar gullugy habar berýär.

Türkmen resmileri ýurtda COVID-19 keseliniň ýokdugyny soňky gezek 15-nji maýda hasabat berdi we şonda welaýatlaryň, etraplaryň arasyndaky gatnawy hasam çäklendirdi we Awaza syýahat zolagynda dynç alyşy şu ýyl gadagan etmegi teklip etdi.

Türkmenistanda COVID-19 keseline garşy göreş çäreleri ilat babatyndaky çäklendirmeleri we informasiýa üzňeligini güýçlendirdi. Türkmen media serişdeleri koronawirus bilen bagly ýurduň içindäki we dünýädäki ýagdaý barada habar bermeýär.

Türkmenistan BSG-niň pandemiýa döwründe sosial distansiýa saklamak we maska dakynyp infeksiýadan goranmak ýaly esasy rekomendasiýalaryny ýerine ýetirmeýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG